Dark
Light
28.01.2026
scout girl in concentration THE ASHGABAT TIMES

Ünsüň fiziologik esaslary

23.04.2024

Üns belli bir nerw merkezleriniň oýanmasy,beýlekileriniň tormazlanmasy bilen baglanyşykly bolup, olar subýekt üçin ähmiýetli gyjyndyrjylary ýüze çykarmaga, ýagny psihiki işiň gönükdirilmesini üpjün edýärler. Şeýle gönükdirilmäniň ýönekeý görnüşi oriýenyirleji refleksdir. Her bir täze döreýän gyjyndyrma, eger-de ol ýeterlik intensiwlikde bolsa,degişli oýanma döredip, ol bolsa I.P.Pawlowyň ―bu näme diýip atlandyran refleksinde ýüze çykýar.Bu ünsüň ýönekeý görnüşleriniň fiziologik esasaydyr.

Ünsüň fiziologik esaslaryna düşünmekde I.P.Pawlowyň açan nerw prosesleriniň induksiýa kanuny örän möhümdir. Bu kanuna görä, kelle-beýniniň gabagynyň bir oblastynda döreýän oýanmalar, onuň beýleki oblastlarynda tormozlanma döredip bilýär. Tersine, gabygyň bir böleginiň tormazlanmasy onuň beýleki böleklerinde oýanma döredýär. Her bir pursatda kelle beýniniň gabygynda oýanma döretmek üçin has amatly, optimal şertleri bolan belli bir güýçli oýanyş ojagy bolýar. Eger-de kelle çanagyň üstünden parran seredip bolýan bolsa, eger-de ýarym şarlaryň optimal oýanyşly ýerleri ýagtylýan bolsa, biz pikirlenýän aňly adamyň ýarym şarlarynda formasy we göwrümi boýunças üznüksiz uüýtgeýän gutarnykly takyk konfigurasiýa bolmadyk ýagtylyk nokady, onuň töwereginde bolsa kölege bilen örtülen giňişligi görerdik diýip, I.P.Pawlow ýazypdy.

Ünsüň fiziologik esaslaryny aýdyňlaşdyrmakda A.A.Uhtomskiý tarapyndan teklip edilen dominanata prinsipe-de uly ähmiýete eýedir.Bu prinsipe görä, beýnide hemişe oýanmanyň agalyk ediji ojagy bolup, ol bu wagtda beýnä barýan oýanmalary özüne çekýär, we şol mynasybetli has-da güýçlenýär. Şeýle ojagyň döremeginde diňe bir şu pursatda gyjyndyryjynyň güýji däl-de,eýsem nerw sistemanyň öňki täsirler bilen döredilen içki ýagdaýy,beýnide geçen tejribelerde torç edilen nerw ýollaryň baglanyşyklaryň bolmaklygy, berkidilmekligi uly rol oýnaýar.

Nerw sistemanyň işiň häsiýeti onda agdyklyk edýän dominirleýji ojagyň barlygy bilen kesgitlenýär.Psihologik nukdaý nazardan bu ünsüň şu pursatda belli bir gyjyndyryjylara gönükdirilip, beýlekilerden sowulýanlygyny aňladýar.

Humaý BABAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nyrh üýtgemelerine täsir edýän faktorlar

04232024 usembassy press release atch 2 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

USAID “DÖWLETI DOLANDYRYŞ ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE ÝARDAM BERMEK” TASLAMASYNYŇ JEMLEÝJI ÇÄRESINI BELLEÝÄR

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop