Käte-käte ýolda-yzda sataşyp
Hal-ahwallar soraşylan pursaty.
“Şükür bagytly men” – aldaman telim
Bolşy dek bar zady aýdyp bolsady..
Seniňem hemişe şoldy jogabyň
(Biz wada edipdik aldamazlygy)
Ulydy umytlar tapylaryna
Şowsuz dyndy “bir alajyň” gözlegi
Diledim: goý bolsun soňky utulşyň.
Keç ykbal oýunda çykanda erjel.
Öwezine ýara bagt bermek üçin
Aýralyga razy bolmakdy – şertem.
Her gezek aýdýarsyň bagtlydygňy
Gözüň sowup geçeniňde duşumdan.
Söýgä guwanýaryn sözleň galp bolsa.
Çyn bolsada guwanýaryn daşyňdan.
Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy