Şirin aýdym kimin süýjäpdir günler
Ýaşaýyşyň hezilligni diýsene.
Gül Diýarda ynjamadyk göwünler.
Oň goýnundan gaýry mesgen küýsemez.
Diňe hoş habara şaýatdyr didäň
Tamam eşreti bar Beýik barlygyň
Agzybirlik bilen gün-günden güýjär.
Hökmürowanlygy bagtyýarlygyň.
Seret, gaýgy gamdan uzak çagalar
Ellerinde kemput, kişmiş gül we şar.
Halal zähmet bilen, ynanýas, olar.
Erte aýdyň ýollarmyza gül düşär.
Okaýar, öwrenýär Watan ýaşlary
Döredýär hem gurýar kemin goýmaýar.
Pederleriň başyn başlan işleri
Nesilleriň birliginde şowlaýar
Duýulýar topragyň berekedinde
Halal deriň, päk zähmetiň höziri.
Şanyna bu Ülkäň çar künjeginde
Nagma kakýar nesilleriň her biri.
Dile Hakdan bolsun diýip elmydam.
Günler gözel, iller aman, ýurt esen.
Sebäp müň ömürlik söýgi bergidar
Bir ömürlik mähir beren Ýurda sen.
Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy