“Olar wekil belläp bilmediler, ýöne biz habarlaşdyk. Ýakynda mahabat gadaganlygyny girizdik, bu hem täsirli çäre boldy. Biz elýeterliligi çäklendirmek kararyna geldik we bu barada olara habar berdik. X Türkiýede wekilhanasyny açdy” – diýip, ministr CNN turk teleýaýlymynda aýtdy.
Ministr eger X wekilhanasyny açmadyk bolsa, onuň jerime tölemeli bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Öň, Türkiýäniň Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk edarasy kompaniýanyň respublikanyň kanuny talaplaryny berjaý etmeýändigi we öň bellenilen jerimeleri-de tölemändigi sebäpli X sosial ulgamyna elýeterliligi 90% çäklendirip biljekdigini duýdurypdy.
X (öň Twitter) sosial ulgamy Türkiýäniň häkimiýetleriniň birnäçe gezek talap etmegi netijesinde respublikada öz wekilhanasyny açdy. Bu barada transport ministri Abdulkadir Uraloglu habar berdi diýip, TASS ýazýar.