Gynansagam, guburlaryň ikisi talaňçylar tarapyndan talanypdyr, ýöne üçünjisine degilmändir diýen ýaly, arheologlar ondan bürünç aýna, keramiki önümler we demir gylyç ýaly, köp sanly gymmatly artefaktlary tapdylar.
Mazarlaryň binagärçiligi aýratyn gyzyklanma döredýär. Olarda otaglar, penjireler we jaýlanyş otaglaryna eltýän ýapgyt giriş ötükleri bar. Içinde haşamly kerpiçden ýasalan arkalar, gapylar we penjireler bar, freskalarda bolsa gül nagyşlary we şekiller bar.
Guburlardan tapylan ýazgylara esaslanyp, arheologlar olaryň Huan familiýaly maşgala degişlidigine ynanýarlar. Şol ýerden tapylan bürünç möhürde “Huan Szýa” diýlip ýazylypdyr – megerem, eýesiniň ady bolsa gerek.
Iki otagdan ybarat guburlaryň birinde är-aýal jaýlanan bolmaly.
Adaty bolmadyk tapyndy – tabyt daşamak üçin ulanylan arabanyň bölekleri boldy. Beýleki gyzykly tapyndylara demir gylyç, bürünç aýna we dürli keramiki önümler degişli.
Tapylan guburlar Han döwrüniň begleriniň durmuşy we jaýlanyş dessurlary barada gymmatly maglumatlary berýär.
Arheologlar Şandun welaýatynda dizaýny boýunça ýaşaýyş jaýlaryna meňzeýän ýaşy 1800 ýyl bolan gubury tapdylar. Hytaýyň Sosial ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň berýän habaryna görä, Han döwrüne (b.e. öňki 206-njy ýyl – b.e. 220-nji ýyl) degişli bu bezegli jaýlamalar seýilgäh giňeldilmezden ozal geçirilen halas ediş gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy.