Hünärmenler depressiýa bilen ýürek-damar keselleriniň arasyndaky baglanyşygy düşündirdi

28.04.2024

Depressiýa we ýürek-damar keseli (CVD) ilatyň saglygyndaky esasy meselelerdir. Bütin dünýäde takmynan 280 million adam depressiýadan, 620 million adam CVD-den ejir çekýär.

Öňki barlaglaryň netijesinde iki keseliň arasynda baglanyşyk tapyldy. Mysal üçin, depressiýa duçar bolan adamlarda CVD töwekgelçiligi has ýokary bolup, depressiýa üçin irki bejergi bu töwekgelçiligi ýarym azaldar. Munuň tersine, CVD keselli adamlar depressiýadan ejir çekýärler. Emma bu baglanyşygyň sebäpleri doly öwrenilmedi.

Soňky gözleglerde, Finlýandiýanyň Tampere uniwersitetiniň alymlary bu boşlugy ýapdylar. Depressiýanyň we ýürek-damar keselleriniň azyndan bir işleýän “gen modulyny” paýlaşýandyklaryna göz ýetirdiler. Başgaça aýdylanda, olaryň bölekleýin meňzeş ösüş maksatnamalary bar. Bu barada doly maglumat “Frontiers in Psychiatry” žurnalynda çap edildi.

Hünärmenler depressiýa we CVD keselli adamlaryň ganyndaky gen aňlatma profilini öwrenmek üçin birnäçe synag geçirdiler. Bu synaglara 34 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky jemi 899 adam gatnaşdy.

Alymlar bir gen derejesinde 256 gen tapdylar. Bu genleriň aňlatmasy ortaça derejeden ýokary ýa-da pes bolsa, adamlarda depressiýa we CVD keseliniň döremek howpy artýardy.

Gözlegçileriň bellemegine görä, bu açyş “iki kesel üçin goşa ulanylyş öňüni alyş strategiýalaryny” döretmek üçin ulanylyp bilner.

Hünärmenleriň pikiriçe, gözlegler depressiýanyň we aladanyň bedende rak keseliniň ösmegini goldaýan biologiki täsirlere eýe bolup, onuň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de bolsa, bu gatnaşyk ähli rak kesellerinde tapylmady. Netijeler 26 ýyl dowam eden gözegçilikleriň esasynda edildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:33 am, Nov 23, 2024
temperature icon 11°C
облачно с прояснениями
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

Next Story

Mejlisiň wekilleri Bolnisi şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Soňkylar Saglyk

Adamda iň güýçli agyry haýsy?

08.11.2024
Agyry — adamyň bedeniniň aýrylmaz bölegidir. Ol keseller we şikesler barada habar berýär, howpdan gaça durmaga kömek edýär we saglyk meseleleri barada duýduryş berýär.

Näme üçin çagalara kofe içmek bolmaýar?

18.10.2024
SanPiN 2.3/2.4.3590-20 “Ilata jemgyýetçilik iýmitini guramak boýunça sanitariýa-epidemiologiki talaplar” (2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda RF-niň baş döwlet sanitariýa lukmanynyň karary bilen tassyklanan N 32) boýunça

Näme üçin linzalarda ýatyp bolmaýar?

17.10.2024
Linzalar, gözlükler bilen deňeşdirilende, görüşi gowulandyrmak üçin has amatly serişde: olary awtobusda ýatdan çykarmak, öýde ýitirmek, üstüne oturyp döwmek we ş.m. mümkin däl. Olaryň
GitTop