THE ASHGABAT TIMES

Bütindünýä meteorologiýa guramasy hasaplamalaryna görä: geljek bäş ýylyň biri taryhda iň yssy ýyl bolar

10.06.2024

Mundan başga-da, dünýäde ýyllyk ortaça temperaturanyň önümçilikden öňki derejeden wagtlaýyn 1,5 dereje ýokarlanmagynyň ähtimallygy 80% . On ýyl mundan öňem nola deň bolan bu ähtimallyk howanyň çalt üýtgeýändigini görkezýär.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň çaklamasyna görä, geljek bäş ýylyň biri howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssy ýyl bolar. BMG-nyň ýöriteleşen edarasynyň hasabatynda ýakyn ýyllarda dünýäde ortaça temperaturanyň 2023-nji ýyldaky 14,98°C-den geçmeginiň 86% ähtimallygy bar diýilýär.

Şeýle hem, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy geljek bäş ýylyň her biriniň önümçilikden öňki döwürlere garanyňda 1,1-1,9 dereje yssy boljakdygyny, 2024-2028-nji ýyllar aralygyndaky döwürde, 2019-2023-nji ýyllara garanyňda, has maýyl boljakdygyny çaklaýar. Buzuň meýdanynyň kiçelmegi dowam etjek Arktikada howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy has-da göze ilýär.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett çaklamalaryň dünýäde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny 2 gradusdan aşakda saklamagy maksat edinýän Pariž klimat şertnamasynyň maksatlaryna ýetmekden dünýäniň has daşdadygyny görkezmek bilen, “darykdyryjy hakykaty” şöhlelendirýändigini nygtady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
kkkkkk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“BTS”-iň muşdaklaryna ajaýyp pursatlaryň biri!

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Soňkylar Dünýä habarlary

Taryhdaky iň uly deňiz hazynasy tapyldy

03.12.2025
Ady rowaýata öwrülen ispan gämisi «San–Hose» hazynasy Karib deňziniň düýbünden çykarylyp başlandy. Bu hazynalaryň bahasy 18-20 milliard dollara deňdir. Ol taryhdaky iň uly deňiz
GitTop