Galyndylar b.e öňki 100-nji we b.e.100-nji ýyllary aralygynda, ýagny rimlileriň Galliýany basyp alan döwrüne degişlidir. Atlar juda tertipli, sag gapdallygyna, kelleleri günorta tarap edilip, iki gatbar we iki göni hatarda jaýlanypdyr.
“Olar gal atlaryna mahsus bolan ýally, boýy 1,20 metr bolan kiçijik atlar. Olaryň hemmesi erkek we dört ýaşdan uly “-diýip, INRAP-yň habarynda aýdylýar.
Alymlar bu jaýlanyşyň şol döwür üçin adaty däldigini bellediler. Mallaryň epidemiýa sebäpli ölendigi bilen bagly çaklama ret edildi: atlaryň hemmesi uly aýgyrlardy, içinde baýtal we taýçanak ýokdy. Barlagçylar gurban kesmek baradaky çaklamany göz öňünde tutýarlar, ýöne olaryň pikiriçe, bir wagtyň özünde şonça gymmatly haýwan öldürilen bolsa, diýmek şeýle çäre möhüm ähmiýetli bolmaly. Bu sürä uly ýitgi bolardy.
Atlaryň Galliýa söweşleri wagtynda ölen bolmagy has ähtimal. Radiouglerod derňewi haýwanlaryň hut şu döwürde ölendigini tassyklaýar. Barlagçylar tertipli mazarlar – söweş atlaryna hormat bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.
Gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Alymlar atlaryň ölüminiň sebäbini bilmek we 2000 ýyllyk jaýlanyşyň syryny açmak üçin goşmaça barlaglar geçirmegi meýilleşdirýärler.