“Takmynan 15 ýaşymdan bäri men şol bir telefon belgini ulanýardym. Indem men meşhur boldum, telefonymda 10 müň töweregi kontakt bardy we şol adamlaryň hemmesi maňa mydama zat ýazýardy, menem olara hemişe bir zatlar diýip jogap bermeli bolýardym ” – diýip, ol ýatlaýar.
Şiran özüni hemmä jogap bermäge borçly hasaplaýandygyny, munuň bolsa onuň wagtyny alyp, ýakynlary bilen doly derejeli gatnaşyk saklamaga päsgel berýändigini aýtdy.
“2015-nji ýyldan bäri mende telefon belgi ýok. Ýakynda “Boston Seltiks” oýnuna gidenimde özümi surata düşürmek üçin maňa telefon berdiler, ýöne şondan soň men ony ulanmadym ” – diýip, sazanda sözüniň üstüni ýetirdi.
Häzirki wagtda Şiran diňe iPad we e-poçta ulanýar.
“E-poçta seretmek üçin günde bir sagat wagt aýyrýan, köplenç, ony ulagda otyrkam barlaýaryn. Hatlary saýhallaýaryn we jogap ýazýaryn. Bu maňa wagtymy gözegçilikde saklamagy aňsatlaşdyrýar. <…> Onsoňam aragatnaşyk medeniýetinde şeýle tapawut hem bar, hiç kim poçta boýunça gyssagly jogap berilmegine garaşmaýar. WhatsApp-da haty okan wagtyň bellijek peýda bolýar, haty bolsa özüňe amatly wagtda ýazyp ýa-da okap bilýärsiň, esasy zat – jogap berseň bolany ”- diýip Şiran sözüni jemleýär.
Mundan başga-da, sazanda ýekeligiň özi üçin peýdalydygyny aýdýar: aýalyna restoranda ýa-da uçara münülende garaşýarka, sosial ulgamlary sahaplamak üçin telefonyna girmeýär, özi bilen ikiçäklikde galýar we aýdymlary üçin täze pikirleri gözleýär.