Psihikanyň we aňyň ösüşi

26.06.2024

Psihikanyň filogenezde ösüşi. Filogenez diýlip psihologiýada haýwanlaryň psihikasyna we özüni alyp barşynyň döreýiş we taryhy ösüşi (ewolýusiýasy) prosesiniň manysyna düşünilýär. Filogenez (grp­hyle – urugy, tiresi, görnüşi we genosy – gelip çykyşy) – organizmiň toparlarynyň taryhy kemala gelşi. Filogenez psihikada materiýanyň ewolýusiýa synyň ösüşiniň netijesidir.

Psihikanyň ösüşi we döreýşi hakyndaky mesele alymlaryň öňün-de duran we durýan esasy mesele bolupdyr.

Ýerde ýaşaýan jandarlar Opaliniň taglymatyna görä, 3 million ýyl mundan ozal Ýer şarynda suwuň emele gelmegi bilen tötänleýin birleşmelerden organiki maddalar, uglewodlaryň birleşmesi bolan uly molekulalar döreýär. Bu molekulalaryň ýaşamagy üçin daşky sre da bilen mad da alyş-çalşygy bolmagy zerur. Şonuň netijesinde ol molekulalar has uly birnäçe molekulalara bölünipdir. Soňra bu molekulalar çylşyrymlaşyp, ýönekeý mikroorganizmlere bölünipdir.

Biologik ähmiýetli daşky täsirlere özboluşly hereket bilen jogap bermeklige tropizmler diýilýär. Tropizmiň aşakdaky ýalý görnüşleri bar:

  1. Fotatropizmler – ösümligiň ýagtylyga öwrülmegi.
  2. Hemotropizm – kesgitli fiziki, himiki sredany saýlap almaklygy.
  3. Topotropizm – mehaniki hereket bilen organizmiň jogap bermegi.

Janly organizmler bolan jandarlarda gyjyndyryjylygyň täze formasy bolan duýujylyk ýüze çykýar. Ýagny daşky dünýäni bilmek üçin psihiki apparatlar çylşyrymlaşýar. Organizmiň çylşyrymlaşmagy bilen dürli öýjükli organizmler döreýär. Şonuň netijesinde öýjügiň ýöriteleşmegi bolup geçýär. Netijede, diňe signal kabul edýän w ezipesi bolan öýjükleri we olaryň sistemasyny syzgy organlary döredýär (ýag tyny, sesi we ş.m). Gury ýerde ýaşaýşyň çylşyrymlaşmagy zerarly jandarlaryň öňünde ýokary talaplary goýýar. Psihikanyň ösüşi nerw sistemasynyň çylşyrymlaşmagy esasynda bolup geçýär. Nerw sistemasy janly-jandarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň we talaplarynyň täsiri esasynda çylşyrymlaşýar. Ýagny dyngysyz üýtgeýän daşky sreda jandarlaryň öňünde täze şertler we talaplary goýýar. Ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi jandarlaryň özüni alyp barşynda üýtgemeleri döredýär. Bu bolsa, öz gezeginde, nerw sistemasynyň ösmegine getirýär. Netijede, psihiki işiň ösmegi bilen ýönekeý formalar kem-kemden çylşyrymlaşyp gidýär.

Nowruzgül JUMANIÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:03 am, Nov 24, 2024
temperature icon 6°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 79%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri II gün I bölüm

Next Story

Zehinlilik

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop