«Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi, 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly, Daşkent, Özbegistan

«Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi Daşkentde

17.07.2024

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri, telekeçiler, Özbegistan Respublikasynda akkreditlenen dilpomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty 15-nji iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sergi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň gazanan üstünliklerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini we onuň geljegi uly bolan ugurlaryny aýdyň görkezýär. Sergide 13 sany döwlet edarasynyň we dürli ugurlar boýunça 60 sany türkmen kärhanalarynyň hem-de kompaniýalarynyň önümleri we hyzmatlary ýaýbaňlandy. Milli sergide türkmen halylaryny, şaý-sepleri, dokma önümleri, gurluşyk önümleri, öý we senagat üçin niýetlenen himiki serişdeleri, azyk önümleri we ş.m. görmek bolýar.

Şeýle hem bu sergi görkeziş meýdançalary türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga gönükdirilen işewürlik duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçiriljek ýeri bolup hyzmat eder.

loader-image
Ashgabat
4:40 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

TM KÜŞT AKADEMIÝASY

Next Story

Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalanmagy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss