Aýdyň maksatlara ugur alyp

08.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly, okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan taryhy işleriň özeninde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ileri tutulýan maksat bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda gazanylýan üstünlikler aýratyn ähmiýete eýedir. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri bu babatda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda 1 milliard 331 million k/Wt sagat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu barada «Balkan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan sanynda habar berlipdi. Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň oýlanyşykly başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryh üçin örän gysga döwür içinde Hazaryň türkmen kenarynyň bezegine, dünýäniň şypahana-syýahatçylyk ulgamynyň merjenine öwrüldi.

Milli syýahatçylyk zolagynda döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň owadan hatarlary ýylsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan Awaza döwlet elektrik stansiýasy hem 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Gaz turbinalarynyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başga-da, bu ýerde 15 sany podstansiýanyň gurlandygyny hem bellemek gerek. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden alnan ýokary tehnologiýalardyr enjamlara daýanýan önümçilik desgasynyň işleri halkara ülňülere hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan elektrik desgasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge şert döretmek bilen birlikde, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň köptaraply ykdysady mümkinçilikleriniň toplumlaýyn herekete girizilmeginde bu energetika desgasynyň mynasyp goşandynyň bardygyny tassyklaýar.

Energetika senagatynyň okgunly ösmegi üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleriň geriminiň barha giňemeginden ruhlanyp işleýän Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet topary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwrüni mynasyp zähmet görkezijileri bilen jemlemegi başardy. Bu döwürde 743 million 398 müň k/Wt sagat elektrik togy öndürildi. Öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň k/Wt sagat köp bolup, meýilnama 102 göterim hötde gelindi. Önümçiligiň ösüş depgini 120 göterim ýokarlandy.

Amanmyrat AÝMYRADOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:11 pm, Nov 9, 2024
temperature icon 13°C
переменная облачность
Humidity 45 %
Pressure 1030 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 13 mph
Clouds Clouds: 46%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:40 am
Sunset Sunset: 5:59 pm
Öňki taryh

Aşgabadym — bagtymyzyň sakasynda

Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Soňkylar Makalalar

Pedagogika ylymda

08.11.2024
Pedagogika “paýdagogos” diýen grek sözünden bolup, “paýdos –çaga we “ago” –ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende “paýdagogos” –“çagany ýöredýän” ýa-da “çagany alyp barýan”

Atym bar ganatym bar

08.11.2024
Türkmen halky özüniň uzak taryhy döwründe dünýäniň maddy we medeni hazynasy-na hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak birnäçe milli gymmatlyklary goşupdyr. Şolaryň biri-de, hormatly Prezidentimiz

Žurnalistika jemgyýetiň ruhy aýnasy

08.11.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda medeniýet ulgamynyň, metbugatyň, telewideniýäniň we radionyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahaty hem-de 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda medeniýet

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

08.11.2024
Sport – bu adamlaryň saglygyna we jemgyýetiň medeniýetine gönükdirilen terbiýäni oýunlaryň, ýaryş ulgamlarynyň we bedenterbiýäniň üsti bilen gazanmakdyr. Sporty bir söz bilen ýa-da bir

Botanika

08.11.2024
Biolog alymlar häzirki wagtda ähli janly organizmleri bakteriýalar, kömelekler,ösümlikler,haýwanlar şalyklaryna bölýärler. Olar soňky ýyllar wiruslary hem aýratyn şalyga birikdirmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Botanika ösümlikleri
GitTop

Don't Miss