1830-1870-ýyllaryñ arasynda nemes edebiýaty yzagalak ýurduñ suratyny şekillendirýär, sebäbi Germaniýa dagynyk yurt bolup, kyrka golaý aýratyn kicijik döwletlere bölünýän eken. Şonuñ üçin Germaniýada ony Angliýanyñ ýa-da Fransiýanyñ ösäşi bilen deñeşdireniñde onuň ykdysadyýeti yza galýar. Emma bu ýyllaryñ içinde ýurduñ progressiw,öňdebaryjy adamlary,şahyrlary,ýazyjylary filosoflary feodal düzgünlerine garşy işeňňir göreşýärler.
Fransiýada 1830-nji ýylyň iýulynda bolup geçen rewolýusiýanyň täsiri bilen Germaniýanyň birnäçe ýerlerinde, Bruanşweýgde,Gannowerde, Prussiýanyñ özünde hem, we Germaniýanyň beýleki döwletlerinde örän uly halk pitneleri, gozgalañlary bolupdyr. Öz gezeginde bu wakalar ýazyjylara,şahyrlara-da öz täsirini ýetiripdir.Olaryň döredijiliginde-de uly öñe gidişlik peýda bolýar. Buržuaz demokratik hereketi Germaniýada rewolýusiýany amala aşyrjak bolup, güýçlerini toplan hem bolsa 1848-nji ýylda feodalizmi ýeñip bilmeýär. Bu bolsa Germaniýada buržuaziýanyñ enteki gowşakdygyna şaýatlyk etdi.
1830-njy ýyllarda Gegeliň filosofiýasyna eýerýän birnäçe “ýaş Gegelçiler‟ topary döreýär.Olara E.Ştraus,B.Bauer,L.Feýerbah girýär.Döwrüň iň wajyp meseleleri filosoflaryň ýazyjylaryň,şahyrlaryň üns merkezide durýar.Şu döwürde “Ýaş Germaniýa “atly hereket başlanyp,oňa Gutskow, Mundt, Laube, Winbarg ýazyjylar gatnaşýarlar.
Eziz RÖWŞENOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby