Baş baýlyk- saglykdyr

15.10.2024

Ekologiýa abadançylygynyň ýörelgeleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň çar künjünde geçirilýän ekologiýa bilen baglanşykly syýasatda, daşky gurşawy goramak meýilnamalarynda hem ýer alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy talabalaýyk goramak babatda kanunçylyk namalary hereket edýär.


Bu çözgütler ilatyň sanitariýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň tokaý baýlyklary köpeltmek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, ýerli we daşary ýurtly jahankeşdelerde aýratyn uly gyzyklanma döredýän ýurdumyzyň gözel tebigatyna,halkymyzyň sagdynlygyny hem-de asudalygyny goramak üçin edilýän işleriň bitewiligi guwandyryjydyr. Täsin tebigy ekologiýa syýahatçylygyny guramaga, zerur ähmiýete eýe bolan suwdan rejeli peýdalanmak ýaly derwaýys meseleleri düzgünleşdirilmegi bolsa, körpe nesliň sagdynlygyny gormaak bilen baglanşykly edilýän işleriň netijesi diýmek mümkinçiligi ýüze çykýar.


Bagtyň gözbaşy bolan saglyk, körpe nesliň saglygyny gormakda edilýän işler bitewi bir aladany emele getirýär. Bu hem agzybirligiň hem- de birlikde edilen işiň döwletlidigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp lukmanlaryň baýramy mynasybetli baýramy esasynda halkymyza peşgeş beren kitaby bütün dünýä ýaň saldy. Munuň özi ilatyň saglygyny gorap saklamakda hem-de saglyk maksatnamasyny amala aşyrmakda ýolgörkeziji hökmünde eýýäm 16-njy jildiniň neşir edilmesi halky güneş kibi çoýdy. Kitap lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, dermanlyk çig mallaryny taýýarlaýanlar we ýygnaýjylar bilen birlikde giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly gollanmalarynyň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik neşiriniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy barada giňişleýin berlen maglumatlary almak bolýar.


Ynsan tebigaty şeýlebir tehnologiýalar zamanyna uýgunlaşýar welin, munuň derejesi görüli- eşidilmedikdir. Ynsanyň ýüreginiň urgusy bilen tebgatda bolup geçýän ähli wakalaryň bir bolmagy, ýürekden aýdylanynda onuň tebigata ýakyn bolmagyna ep- esli derejede täsirini ýetirýän tehnologiýa bu gün adamzat prosesinde wajyp meseleleriň, ýagny hat-da zerurlygyň biridir.Ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologik abadançylygyny goramaga hemme taraplaýyn ýardam edýär.Emma tebigaty gözümiziň göreji ýaly saklamak bolsa, edil Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň derman ösümlikleri” atly kitabynyň 16-njy jildinde has-da giňişleýin düşündirilýär. Kitapda her bir dermanlyk ösümligiň surety berilýär. Bu bolsa şol dermanlyk ösümligi tanamaga, ýygylanda görmäge, deňeşdirmäge kömek edýär. Şeýle-de kitapda her bir dermanlyk ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, ulanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar giňişleýin berilýär. Kitapda esasan türkmen tebigaty barada gürrüň edilýär

.Okyjy dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, dermanlyk çig mallaryny ýygnamaklygyň senenamasy bilen tanşyp biler. Ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, otuny, gülüni ýada miwesini, şahasyny, gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilipdir. Saklanyş möhletiniň giňden düşnükli edip beýan edilmegi bolsa, ylmy eseriň täsirliligini artdyrýar.Biziň esasy maksadymyz Gahryman Arkadagymyzyň kitaýyna salgylanyp, gelejekde halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda ýaşlara tejribeleriň hem-de bilimiň üsti bilen ýol görkezmek hem-de Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlarynyň halkara abraýyny goramakda bu kitabyň netijeliliginiň nusgalykdygy aýdyňdyr. Derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Dünýäniň çar künjünde dürli tebigatly ýerleriň ýaşyl zolaklaryň dünýä atmosferasyna edýän täsiriniň aýratynlygy bu günki gün diňe biziň ýurdumyzda däl, ähli ýerlerde hem wajyplygyny saklaýar. Sebabi derman ösümliklerimizi aýap saklamakda hem atmosferanyň arassalygy wajypdyr. Bu neşirde inçeden düşündirilýän bütewilik temasy bolsa,gelejekki nesillere aýdyň ýoldur. Elbetde her bir ýerde derman ösümlikleriniň gabat gelmegi türkmen tebigatynda derman otlaryň hemişde özboluşlylygy bilen tapawutlanmagy bolsa, halkara ähmiýetli meseleleri öz içine alýar. Türkmen tebigatynyň özboluşly gözelligi bar. Köpetdagyň dag etekleri we ajaýyp ýaýlalaryň owadanlygy ýüregiňi joşdurýar. Türkmen topragynyň ajaýyplygyny we gözelligini gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleriň netijesidir. Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär.
Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär.Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen adamyň saglygyny goramak bilen birlikde daşky gurşawyň abadan bolmagy ugrunda geçirilýän çäreler sazlaşykly alnyp barylýar. Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri bolsa, tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Munuň özi türkmen tebigatynda duş gelýän ösümlikleriň gymmatyndan habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynyň XVI jildi saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna, tutuş halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi. Milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan ylmy-ensiklopedik kitabyň täze jildiniň üsti bilen okuw tejrbeçilik işlerimize uly ýol açylmagy bilen birlikde bu kitapda okyjylar etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen ylmy nukdaýnazardan tanşyp bilýär.


Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen adamyň saglygyny goramak bilen birlikde daşky gurşawyň abadan bolmagy ugrunda geçirilýän çäreler sazlaşykly alnyp barylýar. Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserleri bolsa, tebigatyň täsin ösümlik dünýäsini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär.
Şeýle gymmatly neşiriň dowamy bolan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy kitabynyň XV jildi saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna, tutuş halkymyz üçin toý sowgadyna öwrüldi. Elbetde Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda bolsa, diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işlap düzen, Türkmenistanda «Sagdyn mekdep» we «Sagdyn uniwersitet» yörelgelerini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalary hereket edýändigi elbetde bu günki gün mälimdir. Maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň wajyplygy hem bu kitapda aýratyn nygtalýar. Çünki türkmen tebiagatynyň ösümlik dünýäsiniň baýlyklarynyň köpdürliligini bilýän adamlar eýýäm kitabyň täze jildinde haýsy ösümlikleriň nähili derejede ynsan saglygyna peýda berjekdiginiň subutnamasyny bilýär. Olaryň sagdyn ýaşamagy, iýmitlenmegi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak, şeyle hem «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen döredilendir. Bu işleriň ählisi halkyň, ýaş nesliň saglygy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Şemşat WEKILOWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň medisina biologiýasy we
genetika Kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:40 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin maslahatlar

Next Story

Milli ykdysadyýetimiziň abraýy

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop