original 1611b5c0530987.jpeg 1698809868 1 THE ASHGABAT TIMES

Energetikleriň alyp barýan uly ösüşleri

07.11.2024

Ýurdumuzyň ähli ulgamlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini ýokary derejä çykarmak işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz mynasyp dowamyny tapýar.

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny dünýä äşgär eden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ajaýyp şäheri ýadyňa salýar. Bu jenneti künjekde gurlup ulanyşa berilýän myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Şundan ugur alnyp gurlan «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbinalary we beýleki zerur enjamlar bilen birkemsiz üpjün edildi. Her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýda işläp bilmegi bu häzirki zaman desgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologik elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerdäki önümçilik desgalarynda emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň welaýatyň energetika ulgamy barada edýän irginsiz aladalaryndan hoşal bolýan bu elektrik bekediniň hünärmenleri şu ýylyň geçen alty aýynda 597,2 million kilowat-sagada barabar elektrik toguny sarp edijilere ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu görkeziji şu ýylyň geçen döwrüniň meýilnamasynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Gowşut HYDYROW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
101024 01 fragi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik akyldar şahyrlaryň ajaýyp ýadygärlikleri

4 9 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag ulgamynda uly özgerişler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss