Türkmenistan döwleti Ýer şarynyň Demirgazyk ýarymşarynyň aram böleginde, Aziýa yklymynyň (kontinentiniň) demirgazyk giňişliginiň 35°08′ we 42°48′-da hem-de gündogar uzaklygynyň 52°27′ we 66°41′-da ýerleşýär. Günbatardan gündogara 1100 kilometre, demirgazykdan günorta bolsa 650 kilometre uzap gidýän Türkmenistanyň umumy meýdany 491,2 müň inedördül kilometre deňdir. Türkmenistan döwleti meýdanynyň ululygy boýunça Ýer şarynyň ýurtlarynyň arasynda 52-nji orunda durýar we meýdanynyň 79 %-ini ýer, 21 % -ini bolsa suw tutýar. Ülkämiz gury ýer üsti bilen Eýran, Owganystan, Özbegistan, Gazagystan döwletleri bilen, Hazar deňziniň üsti bilen bolsa Azerbaýjan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen serhetleşýär we döwletimiziň umumy serhediniň uzynlygy 3 736 kilometrdir.
Türkmenistan – tebigat tapawutlyklarynyň ülkesi. Bu ülkede gözýetmez giňişlige uzap gidýän çöllük, gülläp ösýän ekerançylyk ýerleri («oazisler») bilen utgaşýar. Pagtadyr bugdaý ekilen ekin meýdanlaryny suwarýan ýaplaryň ýakalarynda türkmen halkynyň oba-kentleri jemlenipdir. Dag etek ilat ýaşaýan ýerleri bolsa goja taryhyň has irki döwürlerinden bäri gadymy ekerançylygyň watany hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyza «oazisleriň» ülkesi diýlip gelinýär. Türkmenistanyň halky maldarçylyk, ekerançylyk we beýlekiler ýaly bu ülkäniň ýaşaýyş durmuşyna uýgun bolan kärler bilen meşgullanýar.
Owadan tebigaty, tapawutly dürli klimaty, ajaýyp medeniýeti we siwilizasiýasy, özboluşly milli ýörelgesi we üns çekiji däp-dessurlary, köp sanly taryhy ýerleri we gözel künjekleri, şonuň ýaly-da, päk ýürekli we diýseň myhmansöýer halky bolan Türkmenistan – dünýäniň iň gadymy döwletleriniň biridir we ülkämiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe içerki syýahatçylygy halkara derejesinde ösdürmeklik we daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmeklik babatda uly mümkinçilikleriň eýesi bolan ýurtdur.
Ýurdumyzda munuň üçin gerek bolan ähli şertler – giňiş çäkleri öz içine alan uly meýdany, nepesiňi durlaýan tämiz howasy, janyňa şypa beriji suwlary, baý taryhy we medeni mirasy, naýbaşy owadanlygy bilen tapawutlanýan tebigy gözellikleri, käbir etraplarda bolsa entek adamyň täsiri ýetmedik ýabany tebigy ýerleri (mysal üçin, Amyderýa kenaryndaky jeňňellikler we ş.m.) bar. Hut şularyň özi hem Türkmenistana Ýer togalagynyň dürli-dürli ýurtlaryndan köp sanly syýahatçylaryň gelmeginiň anyk sebäpleri bolup durýar.
Medine BERDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby