sleep 101 new cover photo THE ASHGABAT TIMES

Alymlar ukynyň iň amatly  wagtyny kesgitlediler

06.12.2024

Oslo Uniwersitetiniň alymlary ýedi sagat uklamagyň iň amatly görnüşidigini aýtdylar. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, uky ýetmezçiligi garrylykda demensiýa keselline sebäp bolup biler.

Alymlar 20 ýaşdan 89 ýaşa çenli raýatlaryň beýnisiniň MRT netijelerini müňlerçe gezek barlagdan geçirdiler. Geçirilen barlaglaryň esasynda alymlar uky wagtynyň korteks atrofiýasy bilen baglanyşykly däldigini kesgitlediler. Şeýle-de bolsa, iň uly korteks göwrümi gijeki dynç alyş bilen baglanyşyklydyr. Netijede, alymlar iň amatly uky wagtyny 6,5  sagat diýip kesgitlediler. Sekiz sagatdan köp uky artykmaç hasaplanýar.

2023-nji ýylda Awstraliýadaky Jon Monash Psihologiki Ylymlar Mekdebi we Turner Beýni we Psihiki Saglyk Institutynyň alymlary 60 ýaşdan uly adamlarda çuňňur uky fazasynyň gysgaldylmagynyň demensiýa keselline töwekgelçiligini 27% ýokarlandyrýandygyny ýüze çykardylar.

Arslan JORAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ec2fb116ba50d064b193fb227c2c146b 8971826 500x281 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 06 12 2024

pollinator 0 570 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar gadymy döwürde gülleriň näme üçin belli bir reňk alandygyny anykladylar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop