ÝUNESKO-nyň ogurlanan medeni gymmatlyklaryň wirtual muzeýini döretmek taslamasy 3D modellerini, ýokary hilli suratlary we bilim mazmunyny döretmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy göz öňünde tutýar. Wirtual sergiler myhmanlara ýitirim bolan kolleksiýalaryň dünýäsine çümüp, medeni mirasy gorap saklamagyň ähmiýetini düşünmäge kömek eder. Interaktiw hekaýalar we sanly materiallar taslamany giň köpçülige elýeterli eder. Muzeý hemişe dinamiki ýagdaýda bolar: ýitirilen artefaktlar yzyna gaýdyp gelýän mahaly kolleksiýanyň göwrümi azalyp durar.
BMG-niň Baş sekretarynyň medeni gymmatlyklaryň gelip çykan ýurtlaryna gaýtarylmagy ýa-da restitusiýasy meselelerine bagyşlanan hasabatynda aýdylmagyna görä, muzeýiň döredilmegine 2022-nji ýylyň Pritzker baýragynyň eýesi arhitektor Fransis Kere gatnaşýar.
Onuň teklip eden taslamasy, Afrikada durnuklylygyň, özboluşlylygyň we degişliligiň nyşany hökmünde uly medeni we ruhy ähmiýete eýe bolan baobab agajyndan ylham alan binagärlik ýörelgelerine esaslanýar.
Muzeýiň eskizleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Pariždäki ÝUNESKO-nyň baş edara binasynda geçirilen duşuşykda agza döwletler tarapyndan mümkin bolan eksponatlar barada maslahatlaşyldy.
Baş Assambleýanyň mejlisiniň netijesinde, Gresiýa tarapyndan onlarça beýleki ýurtlar, şol sanda Russiýa bilen bilelikde teklip edilen “Medeni gymmatlyklaryň gelip çykan ýurtlaryna gaýtarylmagy ýa-da restitusiýasy” atly rezolýusiýa kabul edildi. Resminama ähli döwletleri şeýle gymmatlyklaryň kanuny eýelerine gaýtarylmagy üçin zerur ädimleri ätmäge çagyrýar. Rezolýusiýa 1970-nji ýyldaky Konwensiýa gol çekilmezden ozal alnyp gidilen gymmatlyklaryň restitusiýasy meselesini öz içine alýar.
Wirtual muzeýiň döredilmegi bilen bir hatarda ÝUNESKO ýitirilen artefaktlary yzyna gaýtarmak boýunça işini dowam etdirýär. Iň seslenme döreden jedelleriň biri, XIX asyryň başynda Gresiýadan alnyp gidilen we 1817-nji ýyldan bäri Britan muzeýinde saklanýan “Elgin mermerleri” ady bilen tanalýan Parfenon heýkelleri bilen baglanyşyklydyr. Gresiýa heýkelleriň bikanun alnyp gidilendigini öňe sürýär, Beýik Britaniýa bolsa satyn almagyň kanunydygyny nygtaýar. ÝUNESKO taraplary bu jedeli çözmek üçin dialoga çagyrýar.
Başga bir ýagdaý, 2007-nji ýylda belgialy kolleksioner tarapyndan Belgiýa getirilen Ife bronza kellesi bilen baglanyşyklydyr. Ol ony 2017-nji ýylyň fewral aýynda Londonyň auksion öýüne satmaga synanyşdy. Şondan bäri Ife kellesiniň 1987-nji ýylda Nigeriýanyň Jos Milli muzeýinden ogurlanandygy subut edildi. Häzirki wagtda bu medeni gymmatlyk Londonyň Metropolitan polisiýa gullugynda saklanýar we Nigeriýa bilen Belgiýanyň gatnaşmagynda çylşyrymly hukuk çekişmeleriniň merkezinde durýar.
Başga bir mysal, 1921-nji ýylda Zambiýada tapylan we Londonyň Tebigy taryh muzeýinde saklanýan Rodeziýa adamyň kelle süňküdir. Zambiýa onuň yzyna gaýtarylmagyny işjeň talap edýär we ÝUNESKO taraplaryň arasyndaky gepleşiklere ýardam berýär.
ÝUNESKO-nyň bikanun medeni gymmatlyklaryň dolanyşygyna garşy göreş boýunça işi 1970-nji ýyldaky Konwensiýa esaslanýar. 2021-nji ýyldan bäri oňa bäş täze ýurt, şol sanda Türkmenistan goşuldy we taraplaryň umumy sany 146-a ýetdi. Konwensiýa bikanun alnyp gidilmeginiň öňüni almak we medeni gymmatlyklaryň gaýtarylmagyna ýardam bermek üçin özboluşly hukuk esasyny üpjün edýär, bu bolsa durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn möhümdir.
BMG-niň Baş sekretarynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, ÝUNESKO medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak üçin hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynyň işgärlerini okatmagy işjeň dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň 18-20-nji ýanwary aralygynda ÝUNESKO-nyň Miras gaznasynyň we Polşanyň Döwlet medeni miras institutynyň goldawy bilen Wengriýadan, Polşadan, Moldowa Respublikasyndan, Rumyniýadan, Slowakiýadan we Ukrainadan 35 işgär üçin okuw taýýarlygy guraldy. Gatnaşanlar, esasanam harby konflikt şertlerinde, medeni gymmatlyklaryň bikanun alnyp gidilmegine garşy göreşmek boýunça amaly bilim we maslahatlar aldylar.
ÝUNESKO Ukrainanyň medeni mirasyny gorap saklamaga hem kömek edýär. 2023-nji ýylyň oktýabr we 2024-nji ýylyň fewral aýlarynda Lwowyň ÝUNESKO medeniýet merkezinde muzeý hünärmenleri üçin iki iş maslahaty geçirildi. Getti dikeldiş instituty, Smitson medeni mirasy halas ediş başlangyjy we Luwr ýaly öňdebaryjy dünýä edaralary bilen hyzmatdaşlykda, 86 ukrain muzeý işgäri kolleksiýalary dolandyrmak, sanlylaşdyrmak we durnuklylygy üpjün etmek boýunça okuw geçdi. Bu başlangyç Ukrainanyň medeni gymmatlyklaryny harby döwürde goramaga kömek edýär.
Gaza sektoryndaky dowam edýän söweş hereketleriniň şertlerinde ÝUNESKO hyzmatdaşlary bilen bilelikde medeni desgalaryň weýran bolmagyny gözegçilikde saklaýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyna çenli 37-si taryhy we/ýa-da çeperçilik ähmiýetli binalar, 11 dini we ýedi arheologik desga, alty ýadygärlik, iki hereketli medeni gymmatlyklar ammary we bir muzeý ýaly 64 desganyň zaýalanandygy tassyklandy.
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň rezolýusiýasy bilen Gaza sektory üçin göz öňünde tutulan gyssagly kömegiň çäginde hereket meýilnamasy işlenip düzüldi we durmuşa geçirilýär. Esasy üns konflikt zolagyndaky gowşak medeni mirasy gözegçilikde saklamaga we goramaga gönükdirilýär.
Bu başlangyçlar, esasanam konfliktler we krizisler şertlerinde medeni gymmatlyklary goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtaýar.
Ogurlanan gymmatlyklaryň wirtual muzeýini döretmek we ýitirilen artefaktlary yzyna gaýtarmak boýunça tagallalar medeni mirasy gorap saklamagyň möhüm meselelerini gozgaýar. Bu we beýleki ÝUNESKO taslamalary häzirki zaman tehnologiýalarynyň ýitirilen gymmatlyklary goramak we dikeltmek ugrundaky göreşde güýçli ýarany bolup biljekdigini görkezýär, halkara hyzmatdaşlygy bolsa adamzat taryhyny gorap saklamakda esasy faktor bolmagynda galýar.