14 ýaşly hindistanly ýetginjek agyzdan hasaplamak boýunça bir günde alty sany dünýä rekordyny goýdy. Ol kalkulýatorlardan has çalt hasaplaýar, diýlip Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.
Maharastra welaýatyndan gelen özboluşly zehinli Aaryan Şukla özüniň ilkinji dünýä rekordyny takmynan bir ýyl ozal goýdy: şonda ol 50 sany bäş belgili sanlary 25,19 sekuntda aňynda goşup bilipdi. Şondan bäri Aaryan has uly üstünliklere ýetmek üçin her gün türgenleşýär.
Ýakynda Dubaýda ol alty sany dünýä rekordyny goýdy. Bir günde ýetginjek, aňynda 100 sany dört belgili sanlary 30,9 sekuntda, 200 sany dört belgili sanlary 1 minut 9,68 sekuntda, 50 sany bäş belgili sanlary 18,71 sekuntda goşdy. Şeýle hem oglan, 20 belgili sany 10 belgili sana 5 minut 42 sekuntda bölüp, ilki 51,69 sekuntda iki sany bäş belgili sanlary, soň bolsa 2 minut 35,41 sekuntda iki sany sekiz belgili sanlary köpeltdi.
Ýetginjegiň aýtmagyna görä, ol her gün matematika türgenleşiklerine bäş-alty sagat wagt sarp edýär.
Oglanyň ene-atasy onuň alty ýaşynda agyzdan hasaplamalara başlandygyny we sekiz ýaşynda ilkinji halkara ýaryşlaryna gatnaşandygyny aýtdylar. Şondan bäri Aaryan dünýä çempiony we dünýä mental kalkulýatorlary birleşiginiň agzalarynyň biri boldy.