10032025 001 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

14.03.2025

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, 86 döwletiň awtordaşlygynda öňe sürlen degişli Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjynyň logiki dowamy hem-de onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň nyşany boldy. Şunlukda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýyl Watanymyzyň şöhratly taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda dürli çäreleriň, maslahatlaryň, dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Azym MEREDOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
14122021neftegaz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi

aaaaaafa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheriniň ekologik ösüş meseleleri

Soňkylar Makalalar

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

14.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan

Arkadag şäheriniň ekologik ösüş meseleleri

14.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan «akylly şäher» taslamasynyň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüş ýolunda hereket edýändigini bellemelidiris. Şähere berlen halkara şahadatnamalar we ýokary

Ulag we aragatnaşyk pudagynda täze döwüriň başlangyjy

13.03.2025
Türkmenistanda logistika işiniň diwersifikasiýa esasynda ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş maksady

13.03.2025
Ýurdumyz milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny
GitTop