Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan «akylly şäher» taslamasynyň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüş ýolunda hereket edýändigini bellemelidiris. Şähere berlen halkara şahadatnamalar we ýokary baýraklar munuň aýdyň tassyklamasydyr. Bellenilişi ýaly, «akylly» şäher düşünjesi häzirki zaman binagärlik we dizaýn ugurlary bilen jaý gurmagyň iň gowy milli däplerini öz içine alýar. Ekologiýa jähtlerini-de goşmak bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän işlenip düzülen toplumlaýyn infrastruktura ýaşaýjylar üçin ýaramlylyk we amatlylyk şertlerini döredýär. Aslynda, bu Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini görkezýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigat goragyna degişli esasy şertnamalar we tebigat goragyna dahylly çäreleriň netijeliligini üpjün edýän beýleki halkara resminamalar boýunça borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.
Şeýle hem şäheriň diňe bir ykdysadyýet we jemgyýetçilik babatynda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak pudagynda-da synag taslamalary we innowasiýalar üçin geljegi uly ýerlige öwrüldi.
Mundan başga-da, Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we howanyň gowulaşmagyna, biodürlüligiň goralmagyna we ýokarlanmagyna goşant goşýan tokaý zolaklarynyň döredilýär. Täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, «ýaşyl» ykdysadyýetiň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ilatyň öz ýurdumyzda öndürilen ekologik önümler bilen üpjün edilmegi, şeýle hem ýurduň ekologik howpsuzlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Gülendam ANNAÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby