Dark
Light
03.01.2026
eHPllRUUBd THE ASHGABAT TIMES

ÖNÜM SAKLAMAGYŇ SYRLARY

23.01.2024

Sowadyjyda duran önümleriň örän çalt zaýalanýandygy öý bikeleri üçin seýrek duş gelýän ýagdaý däldir. Göräýmäge, sowuklyk derejesem dogry goýlan, saklanyş möhleti bilen bagly meselede-de ähli zat ýerbe-ýer ýaly bolsa-da, önümleri iýer ýaly däl, nätjek, peýdasyndan geçäýmeli bolýar. Önümleri sowadyjyda saklamagyň düzgünleriniň berjaý edilmezligi bu meseläniň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Haýsydyr bir önüm çalaja zaýalanyp başlan bolsa ony hökmany suratda sowadyjydan aýryň. Tekjeler arassa bolmalydyr, munuň üçin çylşyrymly bolmadyk zatlar: plastik gaplar, öl geçirmeýän kagyzlar (pergament), aýna gaplar, azyk plýonkasy, folga, polietilen paketler peýdalanylyp bilner. Eger siziň alan konteýnerleriňiz oňat hilli plastikden bolsa, onda olarda gök önümleri we miweleri diňe bir saklamak däl, eýsem, doňdurmak hem bolar. Wakkum gapagy bilen üpjün edilen gap saklaýyş möhletini has-da uzaga çekmäge ýardam edýär.

Paketler we azyk plýonkalary gök otlary uzak wagtlap ter we hoşboý ysly saklaýar, miweleri, gök önümleri we şöhlat kesimlerini gatamakdan goraýar. Ýöne peýniriň gaty görnüşlerini polietilenden saklamaly däl. Olary, gowusy, öl geçirmeýän kagyzlara dolamaly. Guş eti, balyk, et folgada öz tagamlylygyny ýitirmeýär we şeýle saklanylanda, olaryň daşy guramaz, ýiti yslardan goraglylygy üpjün ediler.

Ol ýa bu önümiň sowadyjynyň haýsy ýerinde ýerleşdirilendigi möhüm ähmiýete eýedir, çünki her iýmitiň öz saklamaly ýeri bar. Şeýle hem sowadyjynyň içiniň bölekleriniň hersiniň öz sowuklyk derejesi bar.

Sowadyjynyň iň ýyly ýeri gapysynyň erňekleridir. Şonuň üçinem ol ýerde tiz zaýalanýan önümler (süýt, gaýmak, tworog) saklanmaýar. Olar ýokary tekjede, şöhlat önümleriniň arasynda ýerleşdirilse göwnejaý bolar. Gapynyň erňeklerinde bolsa ýumurtga we dürli çüýşe-gaplar ýerleşdirilse jüpüne düşer.

Sowadyjynyň merkezi böleginde, ikinji we üçünji tekjelerde mesge, peýnir ýaly önümleri we bişirilen tagamlary saklamak maslahat berilýär. Birinji we ikinji naharlaryň saklanyş möhleti iki-üç günden köp bolmaly däl. Ýagly kremi bolan konditer önümleri bolsa bir gije-gündiziň dowamynda iýilmelidir.

Aşaky böleklerde gök önümler we miweler üçin niýetlenen ýörite gaplar ýerleşýär. Hut şol ýerde bu önümler öz terligini saklaýar. Eger-de, gaplaryň düýbüne öýjükli, bakteriýa garşy durgunly düşekçe düşelse, önümleriň saklanyş möhleti birneme uzalar.

Sowadyjyda metaldan ýasalan gaplarda: alýumin saçlarda, açyk konserwalarda önümleri saklamaga goýmak düýbünden bolýan däldir. Metalyň okislenmegi adam organizmi üçin howpludyr. Tekjelerde şokolad we daşary ýurtlaryň del miwelerini goýmak hem maslahat berilmeýär. Temperatura pesligi netijesinde olarda zäherli maddalaryň döremegi mümkindir.

Ogulsuraý ÄRSARYÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tM3TmOI4Eg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TALYPLAR ÜÇIN INTERNETI HOWPSUZ ULANMAK ÜÇIN 10 SANY MASLAHAT

SgR87FCShK THE ASHGABAT TIMES
Next Story

WI-FI TEHNOLOGIÝASYNYŇ HOWPSUZLYGY

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop