63719089128 THE ASHGABAT TIMES

Demirgazyk sugunlary howanyň gyzmagyna garşy göreşýärler

29.02.2024

Demirgazyk sugunlary Arktikada howanyň üýtgemeginiň netijesinde ýüze çykyp biläýjek hadysalaryň öňüni almakda uly täsirini ýetirip bilerler. Olaryň ösümlikleri iýmekleri bilen we göçmekleri bilen, ýerde ýatan gary gatatýarlar we baky doňaklygy saklamaga ýardam edýärler.

Demirgazyk etraplarda, ýagny Finlýandiýanyň iň demirgazygynda howanyň temperaturasy beýleki ýerlere garanyňda 4 esse çalt ýokarlanýar we demirgazyk sugunlary ýerde sowugy uzak saklamakda uly ýardam edip bilerler. Birnäçe alymlaryň aýtmagyna görä, bu haýwanlar global ýylylyk howpy abanýan baky doňaklygy saklamaga kömek edýärler.

Arktiki Merkeziniň gözlegçisi Brýus Forbs: “Haçanda sugunlar ýöränlerinde, edil meniň aýagym ýa-da ulag ýaly gary basýarlar, bu bolsa ýeriň doňmagyna getirýär – şeýlelikde baky doňaklyk saklanýar. Biz sugunlaryň doňduryjy enjam hökmünde bolmagyny isleýäris”.

Emma mesele sugunlaryň iýmitinde, ýagny olaryň iýmiti gutarýar. Olaryň iýýän ösümligi tokaýlarda bitýär, tokaýlary bolsa, gyrýarlar. Finlýandiýada her ýylda 6 mln metr kub töňňe alýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Ashgabat
8:43 pm, Mar 26, 2025
temperature icon 10°C
небольшой проливной дождь
Humidity 55 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 7:23 pm
Laura Tedesco THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dr. Laura Tedesco

1469651 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Reflektor duganyň gurluşy

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop