PQ9eJhdGqebOs0KeKxAZerZgSSjAK0QHQankeTIeGaIUm3FnksfMmUjKi5NS 960x540 1 THE ASHGABAT TIMES

Sport ýaryşlarynyň görnüşleri we wezipesi

28.02.2024

Sport ýaryşlary – munuň özi teatr, muzeý, saz, kino sungatlary bilen bir hatarda bolup, ýaş nesle mahsus bolan terbiýäni bermekde we kämilleşdirmekde uly terbiýeçilik we sagaldyş ähmiýetine eýedir.

Sport ýaryşlarynyň ulgamy – bu türgenleri ýaryşlarda çykyş etdirip, uly üstünliklere ýetirýän ulgamdyr. Ýaryşlar türgenleriň hereket başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Türgenler ýaryşlarda üstünlikleri gazanmak üçin öz bedenle-rini fiziki, psihiki, tehniki we taktiki tarapdan taýýarlaýarlar.

Ýaryşlar – adamlaryň hereket mümkinçiliklerini ýüze çykarýan we seljerýän esasy serişdeleriň biridir. Eger-de ýaryşlar bolmadyk bolsa, sport bu derejä çenli ösmezdi. Ýaryşlaryň maksady – güýçli türgenleri ýüze çykarmak, okuw-türgenleşik işleriniň hilini we ne-tijelerini kesgitlemekdir. Ýaryşlar – türgenleri taýýarlamagyň esasy maksady, serişdesi we usullary bolup durýar. Ýaryşlaryň ahyrky neti-jeleri – sport üstünlikleridir.

Sport üstünligi – bu belli bir netijelerde türgenleriň ussatlyk-laryny we başarnyklaryny ýüze çykarýan görkezijilerdir.Sportuň her bir görnüşinde öz aýratynlygyna baglylykda ýaryş ulgamy emele gelýär we bu ulgamdaky ýaryşlar şu tertip boýunça geçirilýär:

– ýerli derejede geçirilýän ýaryşlar (oňa sport guramalarynyň arasyndaky ýaryş, şäher, etrap, welaýat möçberinde geçirilýän ýaryşlar degişlidir);– milli derejede (Türkmenistanyň çempionaty);
– yklymara – sebitara derejede (Aziýanyň çempionaty);
– dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlar (dünýä çempionatlary, Olimpiýa oýunlary we ş.m.).Ýaryş ulgamynyň ýerine ýetirýän wezipesi:
– sport ýaryşlary – sport ussatlygyny ähli tarapdan dolandyrýan we herekete getirýän ulgamdyr;
– sport ýaryşlary türgenleşigiň mazmunyny, ugruny we gurluş düzümini kesgitleýär;
– sport ýaryşlary türgenleriň taýýarlygyna gözegçilik etmegiň esasy serişdesi hökmünde ulanylýar;
– sport ýaryşlary sportuň ösmegine we ýaýramagyna ýardam berýär;
– sport ýaryşlary milli sport bilen dünýä sportunyň sazlaşykly arabaglanyşygyny ýokarlandyrýar;
– sport ýaryşlary saglygy berkidýär we beden işjeňligini ýokar-landyrýar;
– sport ýaryşlary ýaş nesliň kemala gelmegine ýardam berýär;
– sport ýaryşlary sporty wagyz-nesihat edýär;
– sport ýaryşlary tomaşa täsirliligi bilen adamlaryň ruhy islegini kanagatlandyrýar.

Sport ýaryşlary maksadyna we mazmunyna baglylykda şulara bölünýär:

– taýýarlaýjy ýaryşlar – (türgeniň tehniki we taktiki taýýarlygyny ösdürmek üçin geçirilýär);
– barlag ýaryşlary – (türgeniň türgenleşik derejesine gözegçilik etmäge kömek berýär);
– ýaryşa getiriji giriş ýaryşy – (esasy ýaryşlarda çykyş etmezden öň, türgeniň sport taýýarlygyny ýokary derejede ösdürmek üçin geçi-rilýär);
– saýlama ýaryşlar – (türgenleriň arasyndan ussatlary, ökdeleri saýlamak üçin geçirilýär);
– esasy ýaryşlar – (uly ýaryşlar).Ýaryşlar öz aýratynlygy boýunça şeýle bölünýär:– uly ýaryşlar – (Olimpiýa oýunlary, dünýä çempionatlary, Aziýa çempionaty we ş.m.);
– ýylda geçirilýän ýaryşlar – (birinjilik ugrunda geçirilýän ýaryşlar, Türkmenistanyň çempionaty we ş.m.);
– şanly senelere bagyşlanyp geçirilýän ýaryşlar – (Prezidentiň Kubogyny almak ugrunda, baýramçylyklara, sportda yz galdyran şahsyýetlere bagyşlanyp geçirilýän ýaryşlar we ş.m.);

Ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilişi boýunça bölünişi:

– açyk ýaryşlar – bu ýaryşlara beýleki sport mekdepleriniň, klublaryň, welaýatlaryň we ş.m. türgenleri gatnaşyp bilýärler.– ýapyk ýaryşlar – bu ýaryşlar diňe sport mekdebiniň, şäheriň ýa-da welaýatyň öz içinde geçirilýär. Bu ýaryşlara başga sport klub-laryndan ýa-da welaýatlardan türgenler gatnaşyp bilmeýärler.
– ýoldaşlyk duşuşyklaryna – şertnama esasynda sport gura-malarynyň öz arasynda we ýurtlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlar degişlidir.

Maksad SAPARBAÝEW
Daşoguz agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
kärdeşler arkalaşygynyň başlygy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:30 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
1587581855 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

234324 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Her bir çaga üçin döredijilik

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop