Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ýadyň taryhy öwrenilişi

29.02.2024

Biziň her birimiziň ýady unikaldyr. Ol bize hususy özboluşlylygymyzy we beýleki adamlaryň şahsyýetini aňlamaga mümkinçilik berýär. Ylym üçin ýadyň kliniki bozulmalary uly gyzyklanma döredýär. Ýadyň yzlary–bujanly hadysalar bolup, her gezek bizolary janlandyranymyzda täze mazmun bilen doldurylýarlar. Ýadyň işleniş mehanizmleri baradaky ilkinji garaýyşlaryň nirede we haçan döreýändigini takyk aýdyp bolmaýar.

Biziň eramyzdan öň VI asyrda gadymy grek filosofy Parmenid ýada ýagtylygyň we garaňkylygyň, ýylylygň we sowugyň birleşmesi hökmünde garaýar. Ýatdan çykarmak bolsa “çaýkamanyň” netijesi bolup durýar. Onuň pikiriçe bu dörtýagdaý “garyşylmasa” ýat gowy bolar. V asyryň başlarynda IV asyryň ahyrlarynda (biziň eramyzdan öň) Dioen ýada şeýle kesgitleme berýär.

Ýat–bubedende howanyň deňagramly ýaýraýşyny kesgitlenýän hadysa. Ol hem Parmenid ýaly ýatdan çykarmany-bu bölünişiň üýtgemesi hökmünde kesgitleýär. Ýöne ýat işlerine ähmiýetli goşant goşan Platondyr (biziň eramyzdan öň V-IV asyr). Onuň taglymaty “mum (wosk) tagtasy” atly çaklama bilen bellidir. Platonyň pikiriçe,ýat tejribäni mum ýaly şöhlelendirýär. Yzlar olary wagt öçürýänçä we üst ýene-de arassa bolýança galýar. Platon bu arassa üsti ýatdan çykarma hökmünde kesgitleýär.

Platondan soňra filosof Zenon (biziň eramyzdan öň IV-III asyr) biziň duýmalarymyz alýan täsirleri “mum tagtasynda” ýazýar diýen çaklamany öňe sürýär. Ýat we aň barada aýdanda, Zenon olary bedeniň kesgitli bölegine ýa-da organyna ýerleşdirmeýär. Onuň üçin aň düşünjesiniň özi aýdyň däl bolup durýardy.

Ikimüň ýyldan gowrak gadymýetiň beýikfilosofy Aristotel (IV asyr biziň eramyzdan öň) adamyň duýgulary, pikirleri we ýady ýürekde ýerleşip, beýni diňe gany sowatmak üçin hyzmat edýär diýen garaýyşy aýdyp geçýär. Aristotelden öň Gippokrat we Kroton (IV asyr biziň eramyzdan öň) beýnä “aň” organy, ýürege bolsa “duýgy” organy hökmünde garandyklaryny bellemek zerur. Bu pikir ýüz ýyllyklaryň dowamynda adamlaryň aňlarynda agdyklyk edipdir.

Aristotel ilkinji bolup, psihiki hadysalary beýan etmek üçin ylmy adalgalary girizýär.Ol ýürege häzirki wagtda biziň beýnä degişli edýän funksiýalarymyzy ýügere mahsus edýär. Eger-de ýürek organizmiň gan aýlanyşyny üpjün edýän bolsa, diýmek, ýat tutmak ganyň hereketi bilen baglanyşyklydyr. Onuň pikirçe, ýatdan çykarma, bu hadysanyň haýallaşmagynyň netijesi bolup durýar.

Diňe XVI asyryň ortalarynda filosof,alym Andreas Wezaliý Aristoteliň garaýyşlaryna şübhelenýär. Wezaliýniň pikiriçe pikirlenme we ýat ýürek bilen däl-de, beýniniň işi bilen baglanyşyklydyr. Ylym beýnini psihikanyňorgany diýip ykrar edýär.

Ahmet GUWANJOW
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1469651 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Reflektor duganyň gurluşy

qwe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Fulbraýt maksatnamasyna tabşyrmagyň wagty geldi!

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop