Dark
Light
28.01.2026
n 1 THE ASHGABAT TIMES
e63e64e2-1d15-42a7-aefe-2dec72edc301

Kompýuteriň nerw damarlaryna we psihologiki kesellere getirmegi

11.03.2024

Kompýuterde işlemek – bu arassa intelektual zähmetdir. Şonuň üçin hem agramyň esasy bölegi nerw sistemasyna  ýagny kelle beýnisine düşýär. Çagalaryň we ýetginjekleriň köp wagtlap kompýuteriň öňünde oturmaklary nerw sistemasynyň bozulmagyna, ukynyň bozlmagyna, özüni duýuşynyň erbetleşmegine getirip biler  hem-de kelle agyrynyň döremegine sebäp bolup biler. Kompýuter bilen meşgullanýan çagalaryň ýadowlygynyň derejesi köplenç halatda diňe prossesiň yzgiderliligi bilen bagly bolman eýsem onuň mazmunyna hem baglydyr.

Köplenç reaksiýanyň çalasynlygyna niýetlenen, “atyşmak”, “öldürmek”, “kowalaşmak” ýaly harbylaşdyrylan hereketli kompýuter oýunlar çagalary ýadatýar diýip hasap edilýär. Şular ýaly özüne çekiji oýunlaryň täsiri astynda çagada agressiw we rehimsiz özüni alyp barmagy mümkin diýip Psiholoklar we mugallymlar duýdurýarlar.

Çaga psihikasy emele geliş tapgyrynda ejizdir,şonuň üçin kompýuter oýunlary çagalaryň akyl we intellektual ösüşiniň bozulmagynyň sebäbi bolup bilýär.Netije-de, ýetginjekleriň köpüsi iň ýönekeý algebrik meseleleri we logiki pikir ýöredip bilmeýärler.

Kompýuter oýunlaryna we internete bolan höwes, sosial ulgamlarynda uzak wagtlap bolmaklyk çagalaryň psihikasyna täsir edýär. Ýetginjekler ýaramaz endiklere şol sanda komýutere hem örän çalt endik edýärler. Bu bolsa , çagalaryň real duýgylaryň ýitmegine, keýpiniň çalt çalyşmagyna, çaga hyýaly pikirlenmäni bes edýär, öz wizual şekillerini döredip bilmeýär, maglumaty kynlyk bilen kabul edýär we seljerýär, ýatkeşligi erbetleşýär. Köp kompýuter oýunlary hatda ukyny we naharyň, deň-duşlary bilen hakykat ýüzünde gürleşmäniň hem ýerini tutyp bilýär. Şularyň ählisi çagalaryň kompýuter baglylygynyň alamatlarydyr.

Kompýutere baglylyk çagalaryň psihikasyna düýpli täsir edýär, bu prosessleri wagtynda saklamasaň netijede, diňe psihiatoryň kömegi bilen gutulyp boljak birtopar meseleler ýüze çykyp biler we çaga psihikasyna çynlakaý howplydyr. Adatça boluşy ýaly ene-atalar muňa giç düşünýärler we çaga gygyryp, gorkuzyp, olara temmi berýärler jogabyna bolsa çagalar agressiw  özini alyp barma, dawaçyl ýa-da öz-özüne gulplanyp galýar.

Laçyn MAMEDSOÝUNOWA
Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

64d79e6eb7055664569204 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat şäherinde Türki döwletler guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler

main applejuicebenefits THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar almanyň suwy saglyga dört esse peýdaly etmegiň usulyny tapdylar

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop