Dark
Light
04.01.2026
27.03.2024 makala 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy

27.03.2024

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda 2024-nji ýylyň 25-nji martynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky çuň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamasyna, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem şol gün Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibi boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen ilçisi we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 184,6 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

4e2bf7078b982943b7fb29b1fcfe1957 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Killian Mýörfiniň “Peaky Blinders” kinofilminde Tomas Şelbini janlandyrmagy

1711449221 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Goturdepenebit» 173,7 müň tonna çig nebit çykardy

Soňkylar Täzelikler

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

17.12.2025
Ak Tam tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we amerikan jemgyýetini hem-de raýatlaryny goramak boýunça Prezidentiň tagallalaryny dowam
GitTop