TÜRKMENISTANDA ILKINJI GEZEK SPORTUŇ TÄZE FIJITAL GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA ÝARYŞLAR GEÇIRILÝÄR

28.03.2024

2024-nji ýylyň 1-6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi geçiriler.  

«Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» ady bilen geçiriljek bu ýaryşlar institutyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Köpugurly sport toplumynda geçiriler.
Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Fijital sport beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän täze sport görnüşidir. Munda türgen hem wirtual dünýäde kompýuterde ýokary netije görkezmeli, hem-de sport meýdançasynda özüni synamaly. Fijital sportda birbada iki ugurdan baş alyp çykmaly. Fijital sport kompýuter oýnunda wirtual dünýäde ussat kibertürgeniň ezberligini, çalasynlygyny iş ýüzünde synap görmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda sportuň islendik görnüşi sanly ulgamda oýnamak üçin ýörite işlenen programmalarda elýeterlidir. Wideo-oýunlar sportuň haýsy görnüşinden taýýarlanan bolsa, ondaky düzgünler, kadalar hereketli görnüşinden tapawutlanmaýar.
Sport ýaryşlarynyň Meýilnamasyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.
Fijital sport boýunça dünýäde ilkinji ýaryşlar 2024-nji ýylyň 21-nji fewraly-3-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiridi. Bu ýaryşlara 12-62 ýaş aralygyndaky 2 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Goşmaça maglumat üçin:
+993 12 22-65-37;
+993 12 22-65-70;
Saýt: www.tdbsi.edu.tm
Salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:23 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Aşgabatda halkara maslahat geçirildi

Next Story

“Älem gözeli” – Saud Arabystan ilkinji gezek gatnaşar

Soňkylar Ylym-Bilim

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele

Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas

19.09.2024
Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas Nyşapuryň abraýly maşgalasyndan bolupdyr. Çagaly gyndan soltan Mesgudyň hyzmatynda bolup, mylaýymlygy we özüni saklamagy öwrenipdir. Ol özüniň
GitTop