Dark
Light
04.01.2026
brain and heart THE ASHGABAT TIMES

Hünärmenler depressiýa bilen ýürek-damar keselleriniň arasyndaky baglanyşygy düşündirdi

28.04.2024

Depressiýa we ýürek-damar keseli (CVD) ilatyň saglygyndaky esasy meselelerdir. Bütin dünýäde takmynan 280 million adam depressiýadan, 620 million adam CVD-den ejir çekýär.

Öňki barlaglaryň netijesinde iki keseliň arasynda baglanyşyk tapyldy. Mysal üçin, depressiýa duçar bolan adamlarda CVD töwekgelçiligi has ýokary bolup, depressiýa üçin irki bejergi bu töwekgelçiligi ýarym azaldar. Munuň tersine, CVD keselli adamlar depressiýadan ejir çekýärler. Emma bu baglanyşygyň sebäpleri doly öwrenilmedi.

Soňky gözleglerde, Finlýandiýanyň Tampere uniwersitetiniň alymlary bu boşlugy ýapdylar. Depressiýanyň we ýürek-damar keselleriniň azyndan bir işleýän “gen modulyny” paýlaşýandyklaryna göz ýetirdiler. Başgaça aýdylanda, olaryň bölekleýin meňzeş ösüş maksatnamalary bar. Bu barada doly maglumat “Frontiers in Psychiatry” žurnalynda çap edildi.

Hünärmenler depressiýa we CVD keselli adamlaryň ganyndaky gen aňlatma profilini öwrenmek üçin birnäçe synag geçirdiler. Bu synaglara 34 ýaşdan 49 ýaş aralygyndaky jemi 899 adam gatnaşdy.

Alymlar bir gen derejesinde 256 gen tapdylar. Bu genleriň aňlatmasy ortaça derejeden ýokary ýa-da pes bolsa, adamlarda depressiýa we CVD keseliniň döremek howpy artýardy.

Gözlegçileriň bellemegine görä, bu açyş “iki kesel üçin goşa ulanylyş öňüni alyş strategiýalaryny” döretmek üçin ulanylyp bilner.

annotation 2024 04 28 001731 THE ASHGABAT TIMES

Hünärmenleriň pikiriçe, gözlegler depressiýanyň we aladanyň bedende rak keseliniň ösmegini goldaýan biologiki täsirlere eýe bolup, onuň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de bolsa, bu gatnaşyk ähli rak kesellerinde tapylmady. Netijeler 26 ýyl dowam eden gözegçilikleriň esasynda edildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

27042024 008 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

rfsdltsqtguney1ez1jgwwaisalzfuzxn1aladpg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mejlisiň wekilleri Bolnisi şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Soňkylar Saglyk

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025
Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde
GitTop