discipliny legkoj atletiki THE ASHGABAT TIMES

ÝEŇIL ATLETIKA

03.04.2024

Ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän stadionlaryň, sport merkezleriniň gurulmagy sagdyn dur muş ýörelgeleriniň çalt depginde ornaşdyrylýandygynyň subutna-masydyr.Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzda sport şäherjiginiň peýda boljakdygy hakda belläp geçmek diýseň ýakymlydyr. Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleriniň birinde gurulýan özboluşly şäherjikde sportuň islendik gör nü-şi bilen meşgullanmaga mümkinçilik dörär. Ol biri-bi rinden owadan, täsin desgalaryň ençemesini özünde jemlär. Hormatly Prezidentimi-ziň tagallasy bilen Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlan stadionlar Türkmenistanda ýeňil atletika sportunyň ösmegine uly itergi berdi. Bu stadionlarda indi müňlerçe ýaş türgenler ýeňil atletikanyň dürli görnüşlerinden türgenleşýärler. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we paýtagtymyzda birnäçe ýöriteleşdirilen ýeňil atletika mekdepleri işleýär, şeýle-de, etraplardaky sport merkezlerinde ýeňil atletikanyň dürli görnüşlerinde ýaş türgenler türgenleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalaryna jogap edip, türkmen ýeňil atletikaçylary olimpiada-da we halkara ýaryşlarynda-da ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça şowly çykyşlar edýärler. Ylgamak– maşkyň özbaşdak görnüşi, şeýle hem, bökmekde, zyňmakda we oýun-larda onuň bir bölegi hökmünde ulanylýar.

Ylgamak myşsalaryň ösmegine mümkinçilik berýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlaryna uly täsir edýär. Madda çalşygyny ýokarlandyrýar. Ylgamak öwredilende, çaltlyk, çydamlylyk, hereketiň durky ösýär, durnuklylyk, ugurtapyjylyk terbiýelenýär. Mugallym ylgamaklygy öwredende, iki meseläni çözýär. Okuwçylara dogry ylgamaklygy öwretmek we ylgamagyň bedene edýän gigiýeniki täsirini serişde hökmünde ulanýar.

Mugallym okuwçylara özbaşdak ýeňil atletika – el-aýagy ýazma (razminka) üçin maşklary saýlamagyň kadalarynda bökülende, zyňlanda we estafeta ylgawynda, batalmaklygy kesgitlemegi öwretmek, ýeňil atletika boýunça ýaryşyň eminlik edilişiniň düzgünleri bilen tanyşdyrmak ýaly maglumatlary berýär.

Joragül AMANOWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
zähmet mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:21 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 5°C
пасмурно
Humidity 82 %
Pressure 1023 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 3 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
oliver 720x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýädäki iň gymmat myhmanhana haýsy?

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglygym – baş baýlygym

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop