Dark
Light
03.01.2026
taf15 ftd neurosicence 1170x585 1 THE ASHGABAT TIMES

Pikiň keselinde döreýän akyl kemisligi

29.05.2024

    Pikiň keseli beýniniň atrofiki hady­salary bilen geçýän, akyl kemisligine eltýän özboluşly keseldir. Pikiň keselin­de döreýän akyl peselmesiniň ýygjamlygy Alsgeýmeriň keselinden 4-5 esse köp duşýanlygy baradaky maglumatlar bar. Şu kesel bilen ejir çekýänleriň arasynda aýallaryň biraz känligine garamazdan, şeýle agdyklygyň durmuşdaky ähmiýeti kän bir uly däl.

    Etiologiýasy we patomorfologiýasy. Atrofiki hadysalaryň ulgamlaryny döredýän sebäpleriň kesgitlenilişiniň kynlygy ýaly, Pikiň keseliniň döreýşem he­niz doly anyklanylmanlygynda galýar. Pikiň keseliniň döreýşine nesil yzarlaýşyň dahyllygy baradaky gapma-garşylykly pikirlerem ýok däl. Ýöne Pikiň keselin­däki beýni patologiýasynyň ösmegi babatdaky pikirlerde öýjük derejesindäki genetiki hadysalaryň bozulmalaryny, şonuň netijesinde-de madda çalşyga ilkin­ji nobatda-da, protein sinteziniň özgerdilmegine uly orun berilýär. Proteinleriň funksiýasynyň ýetmezçiliginiň netijesinde mikroelementleriň transportirlenmesi we fermentleriň sintezi bozulýar. Pikiň keselinde beýniniň käbir sebitlerinde sinkiň mukdarynyň köpelenligi ýüze çykarylyp, onuň bilen hem öýjükdäki energiýa çalşygynyň bozulmasy, neýrotransmitterleriň we reseptorlaryň funksiýalarynyň özgermesi bilen baglanyşdyrylýar. Gistologiki taýdan beýniniň maňlaý, seýreg-räk çekge bölümlerinde güýçli atrofiýanyň geçmeginiň usti açylyp, beýni üstü-niň atrofiýadan zeperlenen ýerleri gataňsylanylmagy we gasynlar baglanlygy bilen tapawutlanýar. Atrofiýa, diňe beýniniň daşky gabygyny zeperlemän, eý­sem onuň astynda ýerleşýän ak maddasyny hem zaýalaýar, ol hem beýniniň çal we ak maddasynyň aralygyndaky çäklendirilmäniň mümkinçiligini ýiti­rip, olaryň biri-birinden aýyl-saýyl edip, tapawutlandyrylmasyny kynlaşdyrýar. Parenhimanyň (bedeniň haýsydyr bir agzasynyň ýumşak dokumasy) zeperlenip, ýuwaş-ýuwaşdanam ýok edilmegi bilen bir hatarda süýümli gliýanyň (birleşdiriji nerw dokumasynyň) has ösmegi, lipofussiniň çöküp toplanmasy, aýry ýagdaýlar­da suwuklygyň jemlenip üýşmesi ýaly hadysalaram bolup geçýär. Köplenç ha­latda, atrofiýa beýniniň daşky gabygynyň iň üstünde (ýokary üç hatarynda) ge­çip, adatça, şolardan aşakda ýerleşýänleriň käbiri zeperlenmän, belli bir derejede abatlygyna saklanylýar.

    Klinikasy. Kesel 50-70 ýaş aralykdakylarda döreýär. Başlangyjy 55-58 ýaş. Keseliň geçişiniň möhletiniň uzaklygy ortaça hasapdan alnanda alty ýyla çekýän, hut şu ýagdaýam Pikiň keseline uçranlaryň beýnisinde dörän atrofiki hadysanyň Alsgeýmeriň keseline garanyňda has tiz geçýändigini aňladýar.

    Adatça, kesel ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykýar. Pikiň keseli-de demensiýa häsiýetli bolup, şuny gartaşan döwrüň (presenil) kemakyllygynyň beýleki görnüşlerinde tapawutlandyrýan aýratynlyklary keseliň başlangyç tapgyrlarynda ýüze çykyp, ýuwaşlyk bilen bildirip başlaýar. Şolar ilkinji nobatda keseliň kliniki keşbinde ýüze çykýan şahsyň çuňňur özgermesi, akyl-paýhas işiniň has çylşyrymlylarynyň gowşama alamatlarynyň uzak möhletiň dowamynda saklanmagy bilen häsiýetlenýär.

    Akyl-paýhasyň «hünärmenlik serişdeleri» diýilýän funksiýalary, şeýle-de ýatkeşlik, üns ugurtapyjylyk we psihiki işiň awtomatizirleşdirilen görnüşleri, meselem, hasap çykaryp bilmek we ş.m. az derejede bozulýar.

    Ýöriteleşdirilen has ýokary hem çylşyrymlaşdyrylan şahsy aragatnaşyklar bilen maksada laýyk gönükdirilenlik bozulyp, ilkinji nobatda näsagyň gylyk-häsiýetleriniň özgermesi ýüze çykýar. Şonuň bilen bir hatarda-da oýlanyşyň önjeýliligidir çeýeligi ýuwaş-ýuwaşdan peselip, bolup geçýän täze zatlary aňşyryp, şolara dogry düşünmek we has çylşyrymly, inçeden nepis zatlaradyr ýagdaýla­ra tankydy garaýyşly çemeleşip bahalandyryp bilmek, pikirlenişiň we yzygi­derli tertipde goýluşyň, belli bir netije çykarýan pikire gelinme, pikirleri jemläp umumylaşdyrma hem-de gaýry akylly-başly, paýhasly işleridir hereketleri amala aşyrma ukyplary ýitirilýär. Başgaça aýdylanda, Pikiň keselinde göýä kemakyllygyň ösmeginde akyl-paýhasyň, düşünjeleriň ýoýulmasy «ýokardan aşaklygyna» pese­lip, has çylşyrymlydyr inçelerinden we ýöriteleşdirilenlerinden başlanyp, soňra ýöntemräk hem awtomatizirleşdirilen (adaty endiklere öwrülenlerinden) sadalary saklanyp galýar.

    Nurana KURBANOWA
    Lebap welaýatynyň
    Çärjew etrabynyň
    43-njy orta mekdebiniň
    türkmen dili we edebiýaty mugallymy

    Leave a Reply

    Your email address will not be published.

    flogard 1 THE ASHGABAT TIMES
    Öňki taryh

    Wakuum dörediji ulgamlar

    13010806 THE ASHGABAT TIMES
    Next Story

    Fransua Klosseniň ulgamy

    Soňkylar Makalalar

    Bedew batly at-myradyň mekany

    02.01.2026
    Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

    Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

    02.01.2026
    Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

    Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

    02.01.2026
    Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

    Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

    30.12.2025
    Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

    Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

    30.12.2025
    Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
    GitTop