BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine jemi 15 agza döwlet girýär. Her ýyl düzümiň bäş hemişelik däl agzasy ondan çykýar, olaryň ýerine başga bäş ýurt saýlanýar. Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy bolmak üçin dalaşgär döwlet Baş Assambleýanyň degişli mejlisinde zalda oturanlaryň sesleriniň azyndan üçden iki bölegini almalydyr.
Agentligiň maglumatlaryna görä, bellenilen ýurtlar Şweýsariýanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Ekwadoryň we Mozambikiň orunlaryny eýelärler. Olaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary hökmünde ygtyýarlyklarynyň möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar. Daniýa, Gresiýa, Pakistan, Somali we Panama 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyl aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary bolarlar. Bu barada bütindünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
BMG-niň 2025-nji ýylda Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik däl agzalar boljak ýurtlar belli boldy
Soňkylar Dünýä habarlary
Alymlar ilkinji gezek Kuşan şalygynyň ýazgylaryny okadylar
Germaniýanyň Kýoln uniwersitetiniň dilçileri ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň gadymy täsirli döwletlerinden biri bolan Kuşan şalygynyň ýazuwyny okap bildiler. Bu dilde ýazylan tekstler alymlar üçin
«Samsung» üç eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy
«Samsung» ilkinji gezek üç eplenýän smartfony bolan «Galaxy Z TriFold»-y tanyşdyrdy diýip, «Reuters» agentligi habar berdi. Bahasy takmynan 3,59 million won (2440 dollar) bolan
Taryhdaky iň uly deňiz hazynasy tapyldy
Ady rowaýata öwrülen ispan gämisi «San–Hose» hazynasy Karib deňziniň düýbünden çykarylyp başlandy. Bu hazynalaryň bahasy 18-20 milliard dollara deňdir. Ol taryhdaky iň uly deňiz
Gazagystan suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazynyň eksportyny 15% azaltdy
Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda Gazagystan 507,2 müň tonna suwuklandyrylan uglerod-wodorod gazyny (SUG) eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen
Meksikaly Fatima Bosch «Miss Universe – 2025» baýragyny gazandy
MEKSIKA – 25 ýaşly ynsanperwer we meýletinçi Fatima Bosch Taýlandda geçirilen «Miss Universe – 2025» gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bosch bäsleşigiň öňünden geçirilen duşuşykda