nintchdbpict000425087851 THE ASHGABAT TIMES

Ispaniýada futbolçy Andres Inýestanyň heýkeli açyldy

08.06.2024

Inýesta 2010-njy ýylda Ispaniýanyň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda (1:0) topy depýän pursatynda şekillendirilen. Futbolçynyň 116-njy minutdaky goly milli topara dünýä birinjiliginde ilkinji ýeňşi getirdi.

“Maňa meniň aslymyň niredendigini we geçen ýolumy ýatladýan örän duýguly we aýratyn gün. Biziň ählimize degişli bolan futbolymyz üçin taryhy pursat” diýip, Inýesta X sosial ulgamynda ýazdy.

Inýesta Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy hökmünde dünýä çempiony we Ýewropa çempionatynyň iki gezek ýeňijisi boldy.
2002 – 2018-nji ýyllarda ýarym goragçy “Barselonada” oýnap, topar bilen Ispaniýanyň dokuz gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi boldy, alty gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy. Soňra Inýesta “Wissel Kobe” ýapon klubuna geçdi. Häzir 40 ýaşly futbolçy BAE-den “Emireýtsde” oýnaýar.

Ispaniýada futbol boýunça dünýä we Ýewropa çempiony Andres Inýestanyň heýkeli açyldy. Açylyş dabarasy ýarym goragçy üçin dogduk mekany Albasetede geçirildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
un logo square 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň 2025-nji ýylda Howpsuzlyk Geňeşinde hemişelik däl agzalar boljak ýurtlar belli boldy

turkmenistanyn dowlet howpsuzlyk genesinin mejlisi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Soňkylar Dünýä habarlary

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

17.02.2025
Şu ýylyň ýanwarynda Braziliýa Russiýa kofe üpjünçiligini ep-esli artdyrdy, Wýetnamdan üpjünçiligiň azalmasyny öwezini dolup. Milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa esasy üpjün ediji bolýar.
GitTop