derman kitap 2 THE ASHGABAT TIMES

Çölüň käbir dermanlyk ösümlikleri

28.09.2024

Çerkez. Çölde giň ýaýran dermanlyk ösümlikleriň biri. Ol boýunyň beýikligi 1,5-3 m-e barabar  bolan gyrymsy ösümlikdir.Çerkez selmeler maşgalasyna degişli. Çerkez diňe bir öri meýdanlarda mallar üçin ot-iým bolup hyzmat etmän, eýsem, ol örän gymmatly dermanlyk ösümlikdir. Çerkeziň dermanlyk häsiýetine örän ir döwürde Orta Aziýada demir ýoluny gurujylar aýratyn üns beripdirler. Çerkeziň dermanlyk häsiýetleri ni ýüze çykaryp, onuň miwesinde alkaloidleriň bardygyny ilkinji kesgit länleriň biri P.S.Massagetowdyr. Çerkeziň dürli organlarynda salsolin we salsolodinal  kaloidleri saklanýar. Salsolin gan damarlaryny giňeldýär we şonuňnetijesinde arterial  basyşynyň aşakla magyna getir ýär. Onuň umumy rahatlandyryjy, kellagyryny we başaýlanmany gowşadyjy häsiýetleri hem bardyr.Dermanlyk maksat üçin çerkeziň tohumyny sentýabr,noýabr aýlarynda , miweleriniň köpüsi bişen wagty ýygnaýarlar.

Üzärlik.Oňa türkmen dilinde üzärlik, ýüzärlik, iswent, adraspan diýip dürli at berýärler.Ol boýy 30-50 sm bolan köpýyllyk otjumak ösümlikdir.Üzärlik peganlar maşgalasyna degişli.Üzärligiň köp ýaýran ýerleri Merkezi Aziýa we Gazagystan ýurtlarydyr.Türkmenistanda onuň diňe bir sany – adaty üzärlik diýen görnüşi ösýär.Örän ir döwürlerden bäri ata-babalarymyz üzärligi derman üçin ulanyp gelipdirler. Ol halk lukmançylygynda iň bir giňdenulanylýan dermanlyk ösümlik hasaplanýar. Lukman Abu Aly ibn Sina ony guýmaç süňkleriniň nerwi sowuklan wagtynda agyryny aýryjy hökmünde ulanypdyr. Çünki onuň dürli organlarynda (ýapragynda, baldagynda, tohumynda) garmin, gar malin, garmalol, peganin, peganol ýaly alkaloidler saklanýar. Derman üçin onuň gunçalaýan döwri ýygnalan oty we käte tohumy, köki ulanyl ýar. Ösümlikleriň baldagynda we kökünde toplanýan esasy alkaloidler garmalin, garmin, garmalol, peganin (wazisin) hem bolsa, soňky ýyllarda onda täze alkaloidleriň – pegaminiň, peganolyň, dezoksi pegani niň, peganidiniň bardygy hem belli edildi. Saklanýan alkaloidleriniň mukdary uly ýaşly köklerine garanyňda ýaş köklerinde has köpdür. Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan taýýarlanan suwy (wannasy) guragy ra, gijilewüge we beýleki derikesellerine garşy ulanylýar. Gaýnadylyp al nan suwy sowuklamany, gyzzyrmany, nerw kesellerini, garaguşagyryny bejermekde peýdalanylýar. Üzärligiň tüssesini hassa ýatan ýere goýberip, kellagyryny, ýokanç keselleri bejermekde peýdalanýarlar. Onuň tüssesi mikroorganizmleri ýok etmäge kömek berýär. Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda üzärlik iň bir meşhur dermanlyk ösümlik hasaplanýar. Onuň gaýnadylyp alnan suwuny aýal kesellerini, aşgazan-içege bozulmalaryny, ýaralary, damar  çekmäni, ysmazy, deri kssellerini bejermekde ulanýarlar.

Çynar ÇARYMYRADOWA
Türkmen oba hojalyk
instituty talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
al721i0erw6lagjhcieu13tn5mpmvh 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-çeh gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýyň Şenýan şäherinde maýa goýum we söwda ýarmarkasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop