Sagdyn durmuşyň gözbaşy

22.09.2024

Durmuşymyzyň manysy çaga dünýäsi hakynda aýtmaag zat kän. Aslynda çagalar we ýaşlargelejekki şahsyýetiň körpelik döwrüni düzýär we kä halatlarda biz çagalaryň aklyna haýran galýarys. Ol onuň ýaşy bilen däl- de başy bilen bellidir. Çagany we ýaşlaryň terbiýelemekde ulularyň işleriniň wajyplygy düşündirilýär. Elbetde çaga dünýäniň gelejegidir. Şol sebäpli- de gelejege gowy nesil taýaýrlamak üçin şu günden çagalary terbiýeli, bilimli hem- de döwrebap pikirlenip bilýän çagalar edip ýetişdirmek wajypdyr. Eýsem adamzat ortaça ýaşy boýunça günüň dowamynda öz wagtynyň näçe bölegini sagdyn bolmaga sarp edýär? Ine, şu zatlar bolsa, biziň häzirki günümizde işewir, ösüşlere barýan adamzat üçin juda zerur , olara döredijilikli çemeleşmegi ilkinji nobatda gerekli , zerur zatlaryň biridir. Şol sebäpli- de çagalara döredijilikli çemeleşmek üçin ilkinji nobatda olaryň höwes edýän zatlary, şeýle- de maşyklaryň ýerine ýetirilişinde gazanylýan netijeler, ýagny şähdiaçyklygy bermegi, şeýle- de ýüzüňdäki mimikanyň çagalaryň we ýaşlaryň höwes ederlikli ýagdaýda bolmagyny gazanmagyň açylýan ilkinji ýollardyr. Çagalaryň we ýaşlaryň söýgüsini gazanmak , olaryň öňündäki mugallymyň esasy borjy bolup durýandygyny bilmek zerurlygy ýüze çykýar.

Türkmenistan diýarymyzda häzirki döwürde raýatlaryň sagdyn bedenli, ruhy kämil adamlar bolmagy üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasyna esaslanan uly işler alnyp barylýandygy ýokarda agzalanlaryň esasy özeni bolup durýar. Jemgyýetiň sagdynlygy, ýaş nesliň sagdyn bedenliligini gazanmak meselesi jemgyýetiň iň saýlama, öňdebaryjy raýatlarynyň durmuş hadysasydyr we her günki öz işlerinden daşary ýerine ýetirmeli borjudyr diýsek belki-de hakykatdan daşa düşmeris. Dürli ýaşdaky çagalary we ýaşlary bilelikde bir meýdançada oýnatmak hem- de olaryň ünsüni bir oýunda jemlemek diňe bir beden terbiýesini çagalarda terbiýelemek bilen çäklenmän eýsem- de olaryň öz deň- duşlaryndan däl- de ulurak ýaşly çagalardan görelde almagyny, kiçiräk ýaşly çagalara görelde bolmak ukybyny- da aýratyn ähmiýet bilen terbiýeleýär. Beden saglygy ruhy baýlygyň esasy bölegi bolup, ol esasan mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň we ýaşlaryň bedeniniň terbiýelenmegi üçin esasy meseleleriň biridir. Çagalaryň we ýaşlaryň beden terbiýesiniň wajyplygyna mugallymyň düşünmegi we şol geçilýän sapakda yzygiderliligi saklamak hem- de sapaga berlen wagty beden terbiýesi üçin sarp etmek esasy ene- atalaryň hem- de çagalar bagynda körpelere terbiýe berýän terbiýeçileriň işidir. Çagalary , we ýaşlaryň ýagny okuw ýaşyna ýetmedik körpeleri beden terbiýä hem- de maşyk etdirmäge höwesli seretmek üçin ilki bilen pedagogyň esasy ugurlary saýlap almagy, ýagny şu ugur boýunça inçe tilsimleri ele almagy, çagalaryň özüňe ynamyny gazanmagy esasy borç bolup durýar.

Şu günki gün Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýä we sporta goýýan sarpasyndan ruhlanyp, biziň ýurdumyzda hem sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklerdir , dürli sport çäreleri sportyň çagalaryň beden saglygyny terbiýelemekde, has dogrysy körpe ýaşlykdan terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny subut edýär. Hut şol nukdaýnazardan bedenterbiýäniň we sportyň körpe bedenlerden türgenleşmegi pedogogikanyň hem- de ýörüte şol ugurdan işleýän ulgamyň esasy borjy bolup durýar. Şeýlelikde ol usul çaganyň we ýaşlaryň döredijilikli çemeleşiş ukybyny- da ösdürmäge giň täsirini ýetirýär. Şeýlelikde usulyýetde ilkinji nobatda bu çemeleşiş mugallyma çaganyň ruhy ösüşine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle- de oýunyň gidişine özüniň gözegçiligini has berkitmegine ýardam berýär.

Ýaşlaryň hem-de çagalaryň we ýaşlaryň beden saglygyny hem-de  ruhy ösüşini kemala getirmekde beden terbiýesiniň orny hakynda gürrüň edilende, bedenterbiýe mugallymyna şol oýunlara berk gözegçilik etmek bilen bilelikde olaryň ruhy taýdan ösüş aýratynlyklaryny- da gözegçilige almak usullary terbiýelenýär. Mugallym bilelikde işlemegi bolsa, çagalara we ýaşlara sporta bolan söýgini has- da çuňlaşdyrmak işelerine kömek edýär. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ak ýollaryndan, sagdynlygyň ýolundan ýöräp, batly gadamlar bilen öňe gitmek we şol esasda gelejegiň sagdyn durmuş şertlerine kiçijigem bolsa, öz goşandyňy goşmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Her bir raýat özünden ýaşy kiçi we özünden ukyby pes adamyň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmagynda aýratyn aladaly bolmaga borçludyr. Sebäbi umumy jemgyýetiň süňňüni düzýän sagdyn adamlar, sagdyn jemgyýetiň esasy güýji bolan işewirler topary bu meselede ilkinji ädim ädýänleriň biridir.

Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýolundan ýöräp barýan halkymyzyň uludan-kiçä ähli taraplaýyn sagdyn bolmagy üçin edilýän aladalar, olaryň bahasyz durmuşy ähmiýeti bu gün sanap gutarar ýaly däl. Tölegsiz sport meýdançalarydyr, suw basseýinleri, şeýle-de saglyk ýollary, çagalar üçin suw toplumlary- bularyň özi sagdyn jemgyýetiň esasy özeni bolan gelejekki nesil hem-de şu günki jemgyýeti esasy dolandyrýan işewir adamlardyr.  Jemgyýetiň sagdyn adamsy bolmak bilen adam öz hukugyny, borjuny, erkini , abraýyny hem-de öz işinde we maşgalasynda döwrebap düzgün tertibi ýola goýup, öz erkiniň esasy “ ganat ýaýan” giňişligi bolan işinde we maşgalasynda nusga bolup biler.

“Maşgala kiçijik jemgyýet” diýýärler. Şeýle jemgyýeti düzýän basgançaklara öz erkli adamyň eýe bolmagy zerurdyr. Şol zerurlygam adamdan ilkinji nobatda sagdyn bedenli bolmagy aňladýar. Şeýle ýagdaýda çilimkeşligiň erksizlikdigine, eger-de tötänden çilim öwrenen adam bolsa-da şonuň hem özüne erk edip bilmän, ruhunyň öňünde ýüzigara bolýandygyna düşüneniňde her bir adama öz-özünden düşnükli boljak zyýanly endigiň täsiri hakda oýlanmak wajyp bolup durýar.

Sagdyn bedenli bolmak sagdyn ruhly bolmagyň ilkinji basgançaklary. Özüne erk edip bilýän islendik adam döwrüň  talaplarynda ýaşap, öz durmuşyny gözel edip biler. Adamzadyň esasy borjy hem öz durmuşyny, öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşyny sagdyn etmekden ybaratdyr.

Hormatly Gahryman Arkadgymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde  häzirki döwürde dünýäniň sesine sesini goşýan Türkmenistan ýer şary boýunça neşe  maddalaryna garşy göreşde ilkinjileriň hataryndadyr. Beýik ädimli işler garaşýan şu günki günüň işewir adamlarynyňň hiç biri hem bu meselede çetde durmaly däldirler. Şol sanda Türkmen raýatlary hem durmuşda gabat gelýän zyýanly endiklere eýerýän raýatlaryň edýän işleriniň ýalňyşdygyny düşündirmek üçin ellerinden baryny edip, ählitaraplaýyn göreşmäge taýýar bolmalydyrlar.

Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen geçirilýän çäreler bütündünýä adamzat meseleleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän alada –ýagny neşe maddalaryna bolan göreşiň gyzgalaňly gitmegine goşant goşmak ýaly wajyp meseleleriň biridigini bu gün subut etdi. Her bir halkyň öz meseleleri öz milletiniň içki gurnawyna täsirini ýetirýär. Asly paýhasly hem-de dymma türkmeniň ruhy arassalygyny, jemgyýetdäki ornunyň belentdigini saýhallaýan beýik işleriň biri neşä bolan ýigrenjidir.

ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda ýeriň ýüzünde köp işler edilýär. Her bir döwletiň çagalaryny goramak üçin kanunlary, kadalary bar. Şol kadalar hem bize çagalarymyzyň hukuklaryny düşündirýär.Olaryň bagtyýar ýaşaýşyny saglamakda uly neil borçlydyr.

Ine, munuň özi adamyň özüne bermeli bahasynyň ölçegini suratlandyrýan kämil bahadyr. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatlaryndan ugur alyp, biziň her birimiz neşe maddalarynyň jemgyýetimize ýetirýän zyýanynyň öňüni almak üçin ählitaraplaýyn  çäre görmäge ilgezik bolmalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her bir türkmenistanyň raýatynyň sagdyn jemgyýetiň ýaşaýjysy bolmagyna öz goşandymyzy goşup, jemgyýete peýdaly halal zähmet bilen durmuşymyzy bezäp, bagtly ýaşamak üçin hemmämizde hukuk bar. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet  adam üçindir” diýen syýasaty munuň aýdyň şaýadydyr. Şeýle beýik pikire uýýan, şeýle nurana syýasatdan ruhlanýan beýik türkmen halkynyň gelejegi hem aýdyňdyr we dünýäniň öňündäki abraýy hem ýokarydyr. Goý şeýle mümkinçilikleri berip, sagdyn jemgyýetiň ýaşaýjysy bolup, özüňi buýsançly raýatlaryň hatarynda duýmaga, ýurdumyzda halal zähmet çekip, öz işimizde diňe öňe gitmäge mümkinçilik beren Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! 

Nurgül HEMRAÝEWA
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:14 am, Nov 25, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1014 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:57 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

ATA SALYH (1908-1964)

Next Story

Millionerleriň iň köp ýaşaýan 5 döwleti

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop