d27bd6bdb1c16ed421fe316ba149e91b THE ASHGABAT TIMES

Adamda iň güýçli agyry haýsy?

08.11.2024

Agyry — adamyň bedeniniň aýrylmaz bölegidir. Ol keseller we şikesler barada habar berýär, howpdan gaça durmaga kömek edýär we saglyk meseleleri barada duýduryş berýär. Emma haýsy agyry iň güýçli hasaplanýar we hakykatdanam şeýle agyry barmy?

Adamda iň güýçli agyry haýsy?
Haýsy agyrynyň iň güýçlüdigini anyk aýtmak mümkin däl. Her bir adamyň agyry duýgulary aýratyn we köp faktorlara baglydyr: fiziki çydamlylykdan we dözümden başlap, bedeniň anatomiki aýratynlyklaryna çenli. Şeýle-de bolsa, lukmanlar agyry şkalasynda beýleki agyrylardan has ýokary bolan birnäçe agyry görnüşini aýratyn belleýärler.

Klaster baş agyrysy
Dogrum agyrysyndan güýçli zat ýok diýen pikir bar bolsa-da, lukmanlar iň güýçli agyry duýgularynyň klaster baş agyrysy wagtynda ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

Klaster baş agyrylary — iň ýokary intensiwlikdäki çydap bolmajak baş agyrylary bilen häsiýetlendirilýän ýiti agyryly tutgaýlaryň bir toparydyr. Tutgaýyň dowamlylygy gysga bolup, takmynan 15 minut dowam edýär, ýöne iň güýçli agyry sindromy adamyň emosional we fiziki ýagdaýyna çuňňur täsir edýär.

Şeýle-de bolsa, klaster baş agyrysy sebäpsiz hasaplanýar: “Laboratoriýa we gurallary barlagda lukmanlar hiç zat tapmaýarlar, ýöne muňa garamazdan, kelle agyrýar. Bu, agyry garşy ulgamlaryň işiniň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr” diýip, Seçenow adyndaky PMGMU-nyň nerw keselleri kafedrasynyň professory, “Beýniň ekologiýasy” taslamasynyň ýolbaşçysy Alekseý Danilow aif.ru-a aýtdy.

Üçlü nerwiniň newralgiýasyndaky agyry
Üçlü nerwiniň newralgiýasy ýa-da trigeminal newralgiýa wagtynda ýüze çykýan agyry sindromy hem çydap bolmajakdyr. Bu ýagdaýdaky duýgular, beýnide nerwiň gysylmagy wagtynda ýüze çykýan agyry bilen häsiýetlendirilýär. Meşhur neýrohirurg Piter Janet bolsa, bu agyrynyň adam tarapyndan başdan geçirilen iň gorkunç agyry görnüşidigini hasaplaýardy.

Diş agyrysy
Absesslerdäki diş agyrysy hem güýçli we intensiwligi bilen tapawutlanýar. Bu agyry sindromy esasan pulpitiň ýa-da diş nerwiniň ýanmagy wagtynda ýüze çykýar. Ol ýiti kesmeler we pulsasiýalar bilen häsiýetlendirilýär we dürli gyjyndyryjylaryň täsiri astynda güýçlenýär: temperaturanyň ýiti üýtgemeginden başlap, turşy we duzly iýmitlere çenli.

Tebigy dogrum agyrysy
Käbirleri üçin bu görnüş agyry şkalasynda birinji orunda durýar, beýlekiler bolsa, dogrum agyrysy bedeniň fiziki we anatomiki aýratynlyklaryna baglylykda beýle güýçli duýulmaýandygyny hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, dogrum agyrysy iň güýçli agyrylaryň biri bolup, tutgaýlar wagtynda we dogrum prosesinde ýüze çykýar. Emma her bir adamyň agyry çägi aýratyn: ol bolup biler ýa-da asla duýulmaz.

Aýnur JORAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
4fb3040a9ee861937972e7d6949a73a76625bb2e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Google TV reklamasy üçin tankyt edildi — diňe filmler bolmaly

skrinshot 02 03 2024 200139 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Etalon adalgasy

Soňkylar Saglyk

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde

Ýagtylykda uklamak howplumy?

30.11.2025
Ýagtyda uklamak diňe bir ukynyň hilini peseldýän faktor däldir. Hatda ýagtylykda uklamaklygyň bedeniňize ýetirýän zyýany bar. Biziň hemmämiz çagalygymyzda yşyk bilen uklap ýatan wagtymyzy
GitTop