Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMEN SAÇAGY

20.11.2024

Ene-mamalarymyz nesil terbiýesinde nahar başynda ýaramaz, ýakymsyz zatlar barada gürrüň etseň, agzyňda çeýnäp oturan lukmaňy iýip gutarmazdan, ýene agzyňa lukma salsaň, saçak başyndan turmazyňdan öň tagam-hezzet üçin Biribara alkyş aýdyp, berenine şükür edip, töwir galdyrmasaň perişdeleri gorkuzdygyň, şeýtanyň alyna gitdigiň bolar.  Saçak öý eýeleriniň başlamagy bilen açy­l­ýar. Ýogsam öýüň bereketi gaçarmyş diýen ýaly dürli yrymlary ýerlikli peýdalanypdyrlar. Bu bir tarapdan, perzentleriň saçak başynda özlerini alyp barşyny kadalaşdyrsa, beýleki bir tarapdan saçak başynyň milli edep kadalarynyň  inçeden, çeýe bir bitewi ulgamynyň kemala gelmegine şert döredipdir.

Geliň olaryň käbirlerini ýatlap geçeliň!

Saçak başyna duzuň, saçagyň hormatyna eliňi ýuwup geçmeli.

Saçak başynda duzuň, saçagyň hormatyna çöregiňi, naharyňy dik oturyp iýmeli, gyşaryp, ýassyk tirsekläp ýatmak gelşiksiz görlüp, uly günä hasaplanýar.

Saçak başyndan turulmazdan öň iýen duzuň, nanyň hormatyna töwir galdyrmaly.

Saçak başyndan turulansoň eliňi (agşamlyk nahardan soň dişiňi) ýuwmaly.  

Ene-mamalarymyz saçagy düýe ýüňünden dokapdyrlar. Olar öýde namazlyk, misden edilen kündük, bilen birlikde düýe ýüňünden edilen saçagyň saklanmagyny parz hasaplap, bu zatlaryň öýe rysgal-döwlet, bereket hem sogap getirýändigine ynanypdyrlar. Saçagyň ýedi hazynanyň biri hasaplanýan düýäniň ýüňünden edilmeginiň-de özboluşly manysy bardyr. Çünki düýe maly milletimizde arassalygyň, päkligiň, halallygyň alamaty, berekediň, bolçulygyň nyşany hasaplanýar. Ýeri gelende düýe ýüňünden edilen saçakda çöregiň we çörek önümleriniň heňlemän, gataman ýaramlylygyny uzak wagtlap saklaýandygyny-da aýratyn bellemelidiris. Bu bolsa, ene-mamalarymyzyň baý durmuş tejribesiniň bolandygyny, olaryň hiç bir zady yrýa etmän ýerlikli peýdalanandyklaryny görkezýär.

Şekersoltan MELEJÄÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

5jpgjpg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň batly gadamlary

64706781b7272091586417 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag-kommunikasiýa pudagynda uly ösüşler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop