speech on importance of cleanliness THE ASHGABAT TIMES

Jemgyýetiň durmuş syýasatynda arassaçylyga aýratyn ähmiýeti

11.12.2024

Jemgyýetiň durmuş syýasatynda arassaçylyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, arassaçylyk köpugurly meseledir. Şäherlerde we gaýry ilatly ýerlerde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara, kärhana, guramalaryň binalarynyň we desgalarynyň, seýilgähleriniň, köçeleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň tämizligi döwletde dowamly gözegçilikde saklanylýar. Arassaçylyk şahsy gigiýenanyň meselelerini hem öz içine alýar.

“Arassaçylyk – saglygyň girewidir” diýen pähimi hemmämiz bilýäris. Ýaşlar ilkinji nobatda şahsy arassaçylygyň nusgasy bolmalydyrlar. Olar ýatlatmazdan wagtynda saç-sakgalyny timarlap durmaly, el-aýagynyň dyrnaklaryny wagtynda almaly, günüň dowamynda birnäçe ýola ellerini sabynlap ýuwmaly, suwa düşmeli. Ýaşlar barýan ýerine laýyklykda sadadan arassa geýinmäni başarmaly, eşikleri elmydama ütükli bolmaly. Oglanlar ýaşaýan ýerlerinde şahsy otaglaryny özleri tämizläp durmany, gyzlar bolsa, geljekki özbaşdak maşgala durmuşyna taýýarlyk hökmünde bütin öýi (howlyny) arassa saklamaga endik edinmelidirler.

Howlyňy hem öýüňi arassa, tämiz hem-de rejeli sakla! Arassalyk we päkizelik köňlüň islegidir, çünki köňülde Allanyň ady ýazylandyr. Çagalaryňa her gün öýi syryp-süpürip, arassa hem tertipli saklamagy, howlyny tämiz saklamagy endik etdir! Gerek bolsa, özüňem kömekleşmegi kiçilik bilme!

Öýüňi, howlyňy hamana myhman çagyrylandaky ýaly tämiz sakla! Şonda birnäçe gün öňünden syryp-süpürýärsiň, adaty bolşuňdan has tertipli, has göreldeli bolmaga jan edýärsiň. Näme üçin sen diňe myhmanyň däl, eýsem, öz öňüňde şeýle görünmeli däl, näme, özüň myhmança ýokmy?

Öýüňdäki tertip maşgalaňdaky tertip bilen sazlaşsyn. Ýersiz goh-galmagal, oňşuksyzlyk, biri-biriňe sowuklyk öýüň göwnüni ynjydýandyr. Tertip-düzgün üçin atanyň başçy, enäniň serenjamçy bolmagy gerekdir.

Oguldurdy BABAÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
beautiful tropical rainforest stream flowing woods generative ai beautiful tropical rainforest stream 288754560 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýabany ösümlikleriň ähmiýeti we dürlüligi

imageforarticle 23878 16965102480271554 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tokaýda “suw bejergisiniň” şypaly güýji

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop