sanly bilim THE ASHGABAT TIMES

Sanly ulgam täze ösüşleriň açary

12.12.2024

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sanly ykdysadyýete geçmekde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň degişli üç tapgyryny öz içine alýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy islendik adam üçin öýde oturan ýerinden, öz möhümine we islegine görä saýlap, döwlet ulaglaryna ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, bilim ulgamynda geçilýän okuw sapaklaryna onlaýn usulda goşulmaga, özleşdirilmän galan sapaklary ýörite portalda goýlan wideogörnüşli sapak ýazgysynyň üsti bilen gaýtadan özleşdirmäge we beýlekilere uly ýeňillikleri döredip, ýörite ýola çykyp barmak, nobata durup garaşmak ýaly birnäçe wagt sarp etmeleri, saglyk ýagdaýy sebäpli okuwa baryp bilmedik talybyň ýa okuwçynyň okuw prosesiniň gidişinde deň-duşlaryndan yza galmak meselesini aradan aýyrýar.

<Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna> laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy bilim ulgamynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaga gatnaşyjylaryň çäksiz bolmagy, islendik wagtda okatmak mümkinçiligi, elektron kitaplarynyň tükeniksiz nusgalaryny şahsy telefonlara, smartfonlara ýa-da beýleki ýatda saklaýjy gurluşlara ýüklemegiň elýeterliligi, multimedia serişdeleriniň ulanylmagy, maddy çykdajylaryň azalmagy, dolandyryşyň ýeňilleşmegi, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrmasynyň bolmagy, berilýän maglumatlaryň hemmelere birmeňzeş bolmagy, talyplaryň ýetişigini dolandyrmak we oňa görä degişli üýtgeşmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň çägindäki we daşary ýurt uniwersitetleriniň arasynda ylmy onlaýn maslahatlaryny gurap bolmagy, mobile learning mümkinçiligi ýaly ulgamdaky oňaýly ösüşleriň şertlerini, täze mümkinçiliklerini döredýär. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, sanly ulgama, sanly ykdysadyýete geçmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda bu babatda möhüm wezipeleri önde goýýar. Munuň özi halkymyzyň, şol sanda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegini nazarlaýan özgertmelerdir.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda elektron resminamalaryň dolanyşygyny üpjün etmek, sanly aragatnaşygy has-da kämilleşdirip, ilata elektron hyzmatlary hödürlemek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän wajyp işleriň berk binýady, ylmy esasy bolup, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasy çykyş edýär. Bu maksatnamada ýurdumyzda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önüme goşandyny artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň we oba ilatynyň durmuşynda sanly tapawudy aradan aýyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna doly geçirmäge, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ykdysadyýetimize çalt ornaşdyryp, milli önümçilik kuwwatymyzy artdyrmaga hem-de ýurtda elektron resminamalar dolanyşygyny üpjün etmäge we ilatyň giň gerimli elektron hyzmatlardan peýdalanmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär.

Merjen DERÝAÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:49 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
ec2fb116ba50d064b193fb227c2c146b 8971826 500x281 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 12 12 2024

turkmnskaja delegacija v kitae THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Hytaýyň hünär bilim ulgamyndaky tejribesini öwrenýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop