original 1611b5c0530987 THE ASHGABAT TIMES

Sebitara energetika hyzmatdaşlygyň ähmiýeti

20.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik  Bitarap Türkmenistan  döwletimiz uly ösüşlere we özgerişlere ak ýollarda gadam basýar. Ýaňy ýakynda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagymyz Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy  Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmagy netijesinde birnäçe halkara we döwletara hyzmatdaşlyklary ösdürmeklige gönükdirilen meselelere üns berildi. Türkmen döwletiniň bu ugurdaky alyp barýan işleri dünýä we halkara ykdysady ösüşler bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm maslahatda Alym hem Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda şeýle belläp geçýär: “ Biz parahatçylygyň ynanyşmagyň, deňhukuklygyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys”.

Hawa, hakykatdan hem Alym Arkadagymyzyň bu parasatly sözlerinde Türkmenistan döwletimiziň bu ugurdaky alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň özeni şöhlelendirilýär. Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolmagy, energiýe serişdelerini dünýä energiýe bazaryna ekosport etmek mümkinçiliginiň ýokarlanýandygyny aýratyn bellemek bolar. Türkmen tebigy gazyny diwersifikasy ýoly bilen ibermeklik, ulag-logistiki ulgamlaryny, iri halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti döwletimiziň kuwwatly energetik döwletdigini ýene bir gezek subut edýär.

Sebit we sebit ara gatnaşyklarynda energiýa serişdeleri bilen üpjin etmek, tehnologiki geçelgeleri durmuşa geçirmek häzirki wagtda parahatsöýüjilige we ynanyşmaklyga gönükdirilen halkara başlangyçlaryň biridir.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň aýratynlygyny bellemek zerurdyr.  Bu taslamanyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklyga, özara hyzmatdaşlygy we pikir alyşmaklyga bolan täze mümkinçiliklere esaslanýar. Dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygynyň öňüni almak  ugrundaky alnyp barylýan, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan we öňe sürülýän wajyp teklipleriň öňe sürülmegi we Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky alyp barýan syýasatynyň oňyn netijeleri bu möhüm maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda örän many mazmunly öz beýanyny tapdy.

Bu möhüm maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny we halkara derejesindäki möhüm meseleleri çözmeklikde ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň proffessor mugallymlary, hünärmenleri we  geljekgi inženerçilik ukypyklaryna eýe boljak bagtyýar talyp ýaşlary bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahatda bolsa taryhyň altyn sahyplaryna altyn harplar bilen ýazylan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň many-mazmunly täsin  pikirleri esasynda yzygiderli çykyşlar gurnaldy. Bu hem bolsa biz ýaş mugallymlaryň bu ugurdaky alyp barýan bilim özgertmelerimiz üçin görelde mekdep bolup durýar.

Bekgi ARSLANOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň öwrenji-mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:51 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
mcqmbgfefi63s2gvap663epfaqjpx8qkmecmninx THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kairde Oraza aýy mynasybetli 20 köçäni eýeleýän baýramçylyk saçagy taýýarlanyldy

telecom istock 953782406 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrebap dünýäniň baglanyşyk özügi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss