Dark
Light
03.01.2026
risunok3 1712816347 THE ASHGABAT TIMES

Saglyk – esasy baýlyk

27.06.2025

Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sporta dostana gatnaşyklaryň ilçisi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň adam saglygyny gorap saklamak barada durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde bimöçber  alada edilýändigi, adam saglygynyň ýokary derejelerinde saklanýandygyna, ýaşlarymyzyň geljekde sagdyn bedenli, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn bedenli sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. 

Diýarymyzda adam saglygyna çaga dünýä inen güninden başlanýar, şonuň ýaly-da häzirki wagtda çaga eneden dünýä inende sagdyn nesil kemala getirmek barada ene mähri hassahanalar açylyp ulanylmaga berilip, döwletimiz tarapyndan bimöçber aladalar edilýär. Häzirki wagtda hem Bütindünýä saglygy goraýyş federasiýasy tarapyndan yglan edilen bütindünýä  gigiýenasyny gorap saklamak barada dünýä ýüzünde ýüze çykan içki sowuklama keseli garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda hem öýken sowuklama keseline garşy goranyş işleri alnyp barylýar. Saglygy goraýyş edaralarymyz tarapyndan keseliň öňüni alynyşy barada yzygiderli ýagdaýda birnäçe maglumatlar halkymyza ýetirilýär. Olardan esasy adamynyň özüne ýagny şahsy gigiýenasy şeýle-de bütindünýä gigiýenasyny gorap saklamak daşky gurşawymyzyň arassaçylygyny berjaý etmek her bir ynsanyň paýyna düşýär.

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp  maksatly ulgam derejesini berdi.Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerili işler durmuşa geçirilýär.Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.

Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Çünki, beden taýdan sagdyn bolmak sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy bolup durýar.

Raýatlaryň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge dünýä derejesinde örän uly üns berilýär. Bu biziň ýurdumyz babatda hem şeýledir. Saglyk ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasy bolup durýar.

Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Şirin MURATOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsc 2337 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özbegistanly talyplar Türkmenistanda tejribelik geçýärler

bas medeni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýet hepdeligi jemlendi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop