Dark
Light
20.12.2025
ma yapon THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

20.12.2025

Şu gün, 20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Agzalan dialog meýdançasynyň döredilen wagtyndan bäri geçen 21 ýylyň dowamynda iň ýokary derejede ilkinji gezek guralan sammite gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem dostlukly ýurtda saparda bolýarlar.

«Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary resmi taýdan garşylanandan soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaiçiniň başlyklygynda ýokary derejeli altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler gezekli-gezegine çykyş etdiler.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy, sebitara hyzmatdaşlygy, işewürligi ilerletmek, intellektual we ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda anyk teklipdir garaýyşlary beýan etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cempi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Boksuň Türkmenistandaky taryhynda dünýä çempionatynyň ilkinji medaly gazanyldy

ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze sahypasy

Soňkylar Habar

Türkmenistanda Täze ýyl söwdalary gyzyşýar

19.12.2025
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, ak bazarlarda, dükanlarda guralan göçme söwda nokatlarynda gyzgalaňly söwdalaryň gerimi barha
GitTop