Dark
Light
29.01.2026
maldarcylyk THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm jähtleri

18.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin juda häsiýetlidir. Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan barha kämilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Agroişewürlik merkeziniň guramagynda okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatyndaky maldarçylyk toplumynda buhgalterçilik hasabynyň esaslarynyň  ýöredilişi we salgyt salnyşy  barada talyplar bilen göçme okuwlary guraldy. Bu okuwyň esasy maksady talyp ýaşlara toplumda alnyp barylýan buhgalterçilik hasabynyň ýöredilişi bilen bagly alnyp barylýan işleriň iş ýüzünde görkezmek hem-de talyplaryň buhgalterçilik hasabynyň okaýan dersleri bilen has-da ysnyşyklydygyna aýdyň göz ýetirmek maksady bilen guraldy. Häzirki wagtda ýurtda bir wagtyň özünde gara mallary köpeltmek boýunça iri häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar. Bu bolsa sarp edijileri et-süýt önümleri bilen üpjün etmek meselesini çözmäge, şeýle hem eti we süýdi eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu toplumda saýlama tohumly ýokary hilli tohumly oba hojalyk mallaryny saklamak üçin öňdebaryjy enjamlar üpjün edilendir.   

Eziz WELMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Agroişewürlik merkeziniň guramaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba newnew THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba milli maksatnamasy: möhüm wezipeler we täze sepgitler

en THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝAŞLAR – BILIM DARAGTYNYŇ MIWELERIDIR

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop