Dark
Light
08.01.2026
yaslar — yurdun geljegi THE ASHGABAT TIMES

Watana wepalylygyň belent nusgasy

11.12.2025

Her ýyl taryhy wakalar, şanly pursatlar bilen baýlaşýan jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz täze tapgyrlara ýol açýar. Halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrylýan özgertmeler parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, ýurdumyzyň ösüş ýoluny has-da berkidýär.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny berkitmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty wagyz etmek möhüm wezipedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini dünýäde şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Watan söýgüsi ähli duýgularyň gözbaşydyr. Dogduk mekana bagyşlanan iň ajaýyp aýdymlar, beýik şygyrlar halkymyzyň ýürekden gelýän buýsanjynyň beýanydyr. Oguz nesilleriniň watansöýüjilik, maşgala we il-güne ygrarlylyk nusgasy häzirki ýaşlara hem ýol görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller ata-babalarynyň beýik oguzlardygyna buýsanýarlar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda berk binýatly döwletde ýaşap, okaýarlar, döredýärler we ösüşe goşant goşýarlar.

Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň daşyna jebisleşip, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermek üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Bu jebislik wepalylygyň, watançylygyň hem-de beýik geljege bolan ynamyň beýanydyr.

Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

qyfae59i0myqwh5xecvzkqvorkdqwr 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň DIM-de “Parahatçylyk we sport” halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

bez imeni THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar — Röwşen Geljegiň Binýady

Soňkylar Makalalar

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da
GitTop