Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde, dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýyllaryň biri hökmünde taryha girip barýar. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi.
Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyran eziz Watanymyzda ýetip gelýän täze, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi hem ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýar. Çünki halkymyz bedewlere hemişe-de rowaçlyklaryň, okgunly ösüşleriň nyşany hökmünde garapdyr.
Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly. Pederlerimiz bu ýylyň rysgal-bereket, döwletlilik getirjekdigine ynanypdyrlar. «At — myrat», «At agynan ýerinde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «At çapmaz, bagt çapar» ýaly parasatly jümlelerde-de bu hakykat öz beýanyny tapýar. Arassa ganly ahalteke bedewleri gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dosty, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Olar owadan syn-sypaty, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti, eýesine wepalylygy bilen giňden meşhurdyr. Bu günki gün türkmen bedewiniň şan-şöhraty dünýäni haýran galdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp ýeňşi tutuş ýylymyza rowaçlyk eçildi.
Şu günler bolsa watandaşlarymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçjek 2026-njy ýyly mynasyp garşylamaga taýýarlanýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ýylda-da Watanymyza bedew batly ösüşleriň ýaran boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.