Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da kuwwatyň nyşany bolman, eýsem, asyllylygyň, wepanyň we sarsmaz dostlugyň nyşanydyr. Hut şonuň üçin hem, haýwanlar dünýäsinde ýolbarsa şa diýilýän bolsa, adamzat ahalteke bedewini «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip arşa göteripdir. Bu baha türkmen halkynyň öz atyna beren iň uly gadyr-gymmatydyr, ony öz derejesine göterip, maşgala agzasy ýaly mähir bilen gurşap almagynyň beýanydyr.
2026-njy ýylyň gelmegi bilen ýurdumyzda dabaralanýan täze şygaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Bu şygar Gündogar senenamasyna görä At ýyly bolan 2026-njy ýylyň ruhy bilen utgaşyp, biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan — arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr.
Türkmen atşynaslyk sungatynyň kökleri Altyndepe, Änew, Nusaý we Dehistan ýaly gadymy taryhy ýadygärliklerden tapylan at şekillerinden badalga alýar. Taryhçy alymlar we syýahatçylar bolan Geradot, Marko Polo, N.Murawýow, A.Wamberi ýaly şahsyýetler öz ýazgylarynda türkmeniň ata bolan yşky barada haýran galmak bilen söz açypdyrlar. A.Wamberiniň belleýşi ýaly, türkmenler öz bedewlerini her bir gymmatlykdan ýokary tutup, olary aýazdan we yssydan gorap, iň kämil şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bu günki günde bolsa «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe seýisçilik sungatyna täze we durnukly itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» ýaly gymmatly eserleri biziň her birimiz üçin milli mirasymyzy öwrenmekde uly gollanmadyr. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, at üstündäki milli oýunlary ösdürmek we seýisçilik tejribesini nesilden-nesle geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şeýlelikde, 2026-njy — At ýylynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen belent şygar astynda öňe barýan ata Watanymyzda her bir tutumly işiň rowaçlyga beslenjekdigine ynanýarys. Behişdi bedewlerimiziň şöhraty ýaly, ýurdumyzyň mertebesi hem dünýä taryhynda baky ýalkym saçsyn.
Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby