EFIR ÝAGLARY

15.10.2024

Efir ýaglary, düzümi çylșyrymly suwuklyklar bolup, ösümliklerde emelegelýärler we olaryň ysyny kesgitleýärler. Dünýä ekerançylygynda iň köpmeýdany efir ýagly bägül, narpyz, lawanda, elwan geran, koriandr, muskatșalfeýi ekilen ýerler tutýar. Efir ýaglarynyň esasy düzüm bölegi terpenlerdir. Efir ýaglaryny ösümlikleriň ýaglary köp saklaýan böleklerini (köplenç,ösümlikleriň güllerini, seýregräk – köklerini, ýapraklaryny, pürlerini,baldaklaryny) suw bugy bilen peregonka edip alýarlar. Efir ýaglaryparfýumeriýada, iýmit önümçiliginde we medisinada ulanylýar. Efir ýaglarynyňkäbiriniň täsiri olaryň ysy bilen baglanyșyklydyr, ýagny bimarlary efir ýaglarynyysgatmak arkaly bejerýärler. Käbir ýagdaýlarda efir yaglary wannadakysuwa goșulyp, bimary suwa düșürmek arkaly bejerýärler. Efir yaglary köpdermanlaryň düzümine girýär. Bu ýaglary köp mukdarda ulanmak maslahatberilmeýär.

Narpyz ýagy

Bu ýag dermanhanalarda satylýar. Sowuklan bimaryň burnuna, köplenç,1-4 %-li mentol ýagy damdyrylýar, 10 %-li mentol ýagy bimaryň endamynaçalynýar. 3-4 ýașa ýetmedik çagalara bu ýagy ulanmak düýbünden maslahatberilmeýär.

Narpyz adam organizmini umumy berkidiji serișde hasaplanýar. Bu ýagrahatlandyryjy serișde hökmünde nerw ulgamynyň gowșanda we ukybozulanda, ýürek agyry kesellilere hem-de ysgynsyz bimarlara gowy kömekedýär. Narpyz așgazan agyrysyny aýyrýar, așgazan șiresiniň turșulygynykadalașdyrýar, babasil, guragyry, çagalaryň rahit keselini bejerýär.

Narpyz ýagy dermanhanalarda satylýan mentol ýagyndan has mylaýymgelýär. Eger mentol ýagyny çagalara üç ýașynda çenli ulanmak rugsatberilmeýän bolsa, narpyz ýagyny ýaňy doglan çagalara hem ulanyp bolýar.Ony taýýarlamak hem örän aňsat. Owradylan gury narpyz ýapragynyň üstüneislendik ösümlik ýagyny guýmaly. Ikisi gowy garyșar ýaly garmaly we agzygapakly aýna gaba salyp, garaňky ýerde üç hepde saklamaly. Bellenilenmöhletden soň ýagy süzüp alyp, ulanybermeli.

Anis ýagy

Bu ýag anisiň tohumyny suwuň bugy bilen ișlenilip alynýar. Anis ýagybimaryň nerw ulgamyna oňaýly täsir edýär, gaharyny ýatyrýar. Üsgülewük,bronhit we öýken kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Ony içege, așgazankesellerini bejermekde hem ulanýarlar.

Pihta ýagy

Bu ýag dermanhanalarda satylýar. Pihta ýagy bornilasetata, kamfene,borneola, dipentene we askorbin kislotasyna baýdyr. Bu ýag zyýanlymikroorganizmlere we sowuklama garșy ulanylýar. Ol așgazan-içegeýollaryny, ýürek-damar kesellerini, kelle agyryny, deri kesellerini bejermekdewe gan basyșyny kadalașdyrmakda ulanylýar.

Pihta șiresi ady belli derman bolan Wișnewskiniň çaluw serișdesiniň(mazynyň) düzümine hem girýär. Bu goýy șireden alynýan skipidarlukmançylykda giňden ulanylýar.

Pihta ýagy ýapyk gapda garaňky ýerde saklanylmalydyr, oňa günüňșöhlesi düșmeli däldir.

Pihta ýagy adam organizminde toplanmak häsiýeti bar, șonuň üçin onyuzak wagtyň dowamynda we artykmaç mukdarda ulanmak bolmaýar. Buýag pürli agaçlar allergiýa döredýän, așgazany ýaraly adamlara ulanmakzyýanlydyr.

Ilang-ilang ýagy

Adyndan belli bolșy ýaly, bu ýag ilang-ilang agajynyň gülünden alynýar.Ilang-ilang ýagy dowamly ulanylsa, organizmiň gan basyșyny sazlaýar. Buýag ukusyzlykdan, ýadawlykdan, howsalalykdan ejir çekýän adamlaraulanmaklyk maslahat berilýär. Onuň ýakymly ysy adamyň dartgynlylygynygowșadýar we ony rahatlandyrýar. Bu ýag içegedäki infeksiýalary ýok etmekwe deri kesellerini bejermek üçin hem ulanylýar.

Ukrop ýagy

Bu ýagy çylșyrymly bugardyș usulyny ulanyp, ukropyň tohumyndanalýarlar. Ukrop ýagy üsgülewük we sowuklama kesellerinde ulanylýar. Oliçi sürüji, göçgünliligi, gaharjaňlygy peseldiji, organizmdäki zyýanlymikroorganizmleri ýok ediji, damarlaryň gysylmaklygyny gowșadyjy weagyryny aýryjy serișde hökmünde ulanylýar.

Ukrop ýagynyň kömegi bilen inçekeseli, kellagyryny, ukusyzlygy,ýokarlanan gan basyșyny, ýürek-gandamar ulgamy bilen baglanyșyklykeselleri, galyberse-de, ýag-deri kesellerini we iriňli ýaralary bejermek üçinhem ulanylýar.

Şemşat BÖRIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:26 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ölçeg taýakdan hasabat almak

Next Story

Topragyň biologik häsiýeti

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop