Bu aý ÝUNESKO bu mesele boýunça ilkinji global kursy işe girizýär. Onlaýn sapaklara eýýäm 160 ýurtdan 9000-den gowrak gatnaşyjy ýazylýar.
“Sanly mazmun döredijiler dünýä maglumat ekosistemasynda möhüm orny eýelediler we millionlarça adamy medeni, sosial ýa-da syýasy habarlara çekdiler. Emma olaryň köpüsi onlaýn giňişlikde ýalan maglumatlar we ýigrenç dili bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar we bu hadysalar bilen göreşmek üçin okuw geçmek isleýärler” diýip, ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule aýtdy.
“Media we maglumat sowatlylygy boýunça mandatynyň çäginde ÝUNESKO olara ilkinji global okuw kursy bilen goldaw berer” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ÝUNESKO-nyň “Ekranyň öňünde” atly soragnamasy sanly mazmun döredijileriniň höwesini we özüni alyp barşyny, şeýle hem olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ilkinji global seljermesidir. Oňa 45 ýurtdan 500 “täsir ediji” (blogger, sosial media ulanyjysy, giň köpçüligiň pikirine we özüni alyp barşyna täsir edip biljek adam) gatnaşdy, şeýle hem ABŞ-nyň Bowling Green Uniwersitetiniň ýörite gözleg toparynyň bilermenleri çekildi.
Soragnama sanly mazmun döredilende fakt barlamagyň kadadygyny görkezdi. Mundan başga-da, döredijiler internetde tapýan maglumatlarynyň ygtybarlylygyny bahalandyrmak üçin iň gowy ölçegleri kesgitlemekde kynçylyk çekýärler.
Jogap berenleriň 42 göterimi esasy görkeziji hökmünde sosial mediýada “neşiriň alýan “halamalary” we “gaýtadan paýlaşmalarynyň” sanyny” ulanýandyklaryny aýtdylar. Jogap berenleriň 21 göterimi “ynanýan dostlary” tarapyndan ýerleşdirilen mazmuny öz tomaşaçylary bilen paýlaşmaga taýyndygyny aýtdy, 19 göterimi bolsa “awtoryň abraýyna” bil baglaýandyklaryny aýtdy.
ÝUNESKO-nyň bellemegine görä, täsirli blogçylara we beýleki sosial media ulanyjylaryna maglumatlaryň ygtybarlylygyny barlamakda hünärmen žurnalistler kömek edip bilerdi, ýöne bu iki jemgyýet hemişe berk baglanyşykly däl we seýrek hyzmatdaşlyk edýärler.
Uly habar beriş serişdeleri sanly mazmun döredijileriniň öz gözleglerinden we interwýularyndan soň üçünji iň köp ýaýran çeşme bolup, täsir edijileriň diňe 36,9 göterimi olardan maglumat alýar.
Soragnama sanly mazmun döredijileriniň köpüsiniň (59 göterim) sanly aragatnaşyklar bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy çarçuwalar we halkara standartlary bilen tanyş däldigini ýa-da diňe eşidendiklerini görkezdi. Jogap berenleriň diňe ýarysyndan gowragy (56,4 göterim) degişli okuw programmalary barada bilýärler. Bu programmalardan habarly bolanlaryň diňe 13,9 göterimi olara gatnaşdy.
Bu ugurda hukuk sowatlylygynyň ýoklugy sebäpli sanly mazmun döredijiler kyn ýagdaýa düşüp bilerler we käbir ýagdaýlarda hatda kazyýet jogapkärçiligine çekilip bilerler. Şeýle hem, kimdir biri olaryň işini senzura etmäge ýa-da olara garşy agressiw hereket etmäge synanyşanda, köplenç öz hukuklaryny nädip goramalydygyny bilenoklar.
Mysal üçin, sanly mazmun döredijileriniň takmynan üçden biri (32,3 göterim) ýigrenç dili bilen hüjüme sezewar bolandygyny habar berdi. Emma olaryň diňe 20,4 göterimi şeýle ýagdaýlar barada sosial media moderatorlaryna şikaýat etdi.
Täsir edijiler üçin okuw kursy ÝUNESKO tarapyndan ABŞ-nyň Knight Žurnalistika Merkezi bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Ol mazmun döredijilere ýalan maglumatlar we ýigrenç dili bilen göreşmek üçin gurallar, şeýle hem sanly aragatnaşyklar we maglumatlar babatynda berk hukuk binýadyny bermäge gönükdirilendir.
Kursyň programmasy media we maglumat sowatlylygy boýunça bilermenler tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy täsir edijileri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, sanly mazmun döredijileriniň ýüzbe-ýüz bolýan hakyky ýagdaýlaryna esaslanyp döredildi.
Gatnaşýanlar ygtybarly çeşmeleri tapmagy we olara dogry salgylanmagy, maglumatlaryň hilini bahalandyrmagy we barlamagy, ýalan maglumatlary we ýigrenç dilini ýüze çykarmagy we degişli edaralara habar bermegi, žurnalistler we adaty habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi öwrenýärler.
Kurs tamamlanandan soň, ÝUNESKO bu meseleler boýunça tejribe alyşýan, maglumatlaryň ygtybarlylygy we dogrulygy ýörelgesini giňden wagyz edýän we kärdeşleriniň arasynda bu meseleler boýunça habardarlygy ýokarlandyrýan sanly jemgyýeti döretmekde uçurymlary bilen işleşmegini dowam etdirer.
ÝUNESKO internetde ýalan maglumatlaryň köpelmegine garşy göreşde möhüm rol oýnaýar. 2023-nji ýylda gurama global maglumat ekosistemasyndaky “hapalanma” meselesini çözmek üçin hökümetlere we düzgünleşdiriji guramalara kömek etmek maksady bilen ilkinji Sanly platformalary dolandyrmak boýunça görkezmeleri neşir etdi. ÝUNESKO, şeýle hem, adamlaryň media we maglumat endiklerini giňeldip, garaşsyz žurnalistikany goldaýar.