Autizm, ýa-da autizm spektr bozulmasy (ASB), beýniniň ösüşine degişli dürli ýagdaýlaryň toplumydyr. Bu ýagdaýlar sosial gatnaşykda, aragatnaşykda we özüni alyp baryşda kynçylyklar bilen häsiýetlendirilýär. Autizmiň alamatlary irki çagalykda ýüze çykyp biler, ýöne köplenç has giç anyklanylýar. Autizmli adamlaryň ukyplary we zerurlyklary dürli-dürli bolup, wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler.
Autizmli adamlarda sosial gatnaşykda we aragatnaşykda kynçylyklar, bir işden başga işe geçmekde kynçylyk, jikme-jikliklere üns bermek we duýgularyň adaty bolmadyk hadysalar ýaly alamatlar ýüze çykyp biler. Käbir adamlar özbaşdak ýaşap bilýän bolsa, beýlekiler ömürboýy ideg we goldaw talap edýärler. Autizm köplenç bilim we iş mümkinçiliklerine täsir edýär, şeýle hem maşgalalaryň ideg we goldaw talaplary uly bolup biler.
Bar bolan ylmy subutnamalar, çaganyň autizmli bolmagyna köp faktorlaryň, şol sanda daşky gurşaw we genetiki faktorlaryň täsir edýändigini görkezýär. Köp ýyllaryň dowamynda dürli usullar bilen geçirilen giňişleýin barlaglar garamyk, gyzamyk we rubeola sanjymynyň autizme sebäp bolmaýandygyny görkezdi.
Dünýäde her 100 çagadan takmynan 1-si autizmli hasaplanýar. Bu san ortaça görkeziji bolup, barlaglaryň netijeleri esasynda has ýokary sanlar hem görkezilýär. Autizmli adamlaryň aragatnaşyk we sosial ukyplaryny gowulandyrmak üçin subutnamalara esaslanýan psihososial çäreler ulanylyp bilner. Bu çäreler autizmli adamlaryň we olaryň idegçileriniň abadançylygyna we durmuş hiline oňyn täsir edýär.
Autizm keseli boýunça täze barlaglar we bejergi usullary dowam edýär. Ylmy barlaglar autizmiň alamatlaryny irki döwürde anyklamak we oňa garşy göreşmek üçin täze usullary gözleýär. Şeýle hem, autizmli adamlaryň durmuş hilini ýokarlandyrmak üçin jemgyýetçilik we döwlet derejesinde goldaw çäreleri güýçlendirilýär.
Gunça MÄMMETDURDYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti