Dark
Light
04.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Iňlisleriň çaýa bolan höwesiniň aňyrsynda näme bar?

28.03.2024

Gowy demlenen çaý Angliýada köp adamyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Esasanam çaýa süýt goşmak. Bulgura ilki çaýmy ýa-da süýtmi salmalymy?

05 23 tea party image final 2.jpg THE ASHGABAT TIMES

Amerikaly himiýa professory Mişel Frankliniň öz kitabynda azajyk duz goşup, çaýy has gowulaşdyryp biljekdigi baradaky teklibi internetde ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň birine öwrüldi.
Bu baradaky düşünüşmezligi “Serious Eats” ýazyjylary we redaktorlary tagam synagyny geçirip anyga ýetirdiler. Netijede “Steeped: The Chemistry of Tea” kitabynyň awtory himik Frankliniň mamladygyny aýtdylar.

Çaý XVII asyrda ilkinji gezek Angliýa getirilende, süýtsiz içilýärdi; Mysal üçin, iňlis ýazyjysy Samuel Pepys 1660-njy ýylyň Sentýabr aýynyň sişenbe güni ilkinji gezek süýtsiz içen çaýyny suratlandyrdy. Çaýa köplenç şeker hem goşulýardy. Iňlis çaý medeniýetinde endige öwrülen süýdüň goşulmagy has soň geldi.
XVIII asyrda çaýyň salgyt salynmagy meselesinde düýpli üýtgeşmeler girizilenden soň çaý kaşaň bolmagyny bes etdi we her kimiň alyp biljek harydyna öwrüldi.

Ykdysatçy Fransisko Antmonyň pikiriçe, XVIII asyryň ahyrynda Angliýada gaty köp çaý içilýärdi. Bu adamlaryň ortaça ýaş dowamlylygyny ep-esli uzaldyp biler, sebäbi suwy gaýnatmak bakteriýalary öldürýärdi.

Her nähili Iňlisleriň çaýynyň Angliýadan müňlerçe kilometr uzakta ýetişdirilýändigini öwrenmek birnäçe Google gözlegler bilen aňsat bolsa-da, “Çaýyň asly Iňlislerden gelýä” diýilen ynanç şu günem ütgemedi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

snimok ekrana 2024 03 26 v 21.02.21 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Oskar”-2024: “20 дней в Мариуполе” ýylyň iň gowy dokumentalny kino filmi diýlip yglan edildi

p0c4mbww.jpg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adam beýnisi ulalýar we käbirleri üçin gowy habar

Soňkylar Dünýä habarlary

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

01.01.2026
Bolgariýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap resmi taýdan ýewrozona goşuldy we özüniň milli walýutasy bolan bolgar lewinden doly ýüz öwrüp, ýewrony döwlet pul birligi

Benzema surat üçin 10 million ýewro töledi

25.12.2025
Karim Benzema Pablo Pikassonyň «Sakgally adamyň portreti» atly suratyny 10 million ýewro satyn aldy. «Al Ittihad» toparynyň hüjümçisi 1964-nji ýyldaky polotnonyň (matanyň esasynda çekilen
GitTop